Ï «Ussatlaryň ýarmarkasy», satyjylara-da, alyjylara-da şatlyk paýlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ussatlaryň ýarmarkasy», satyjylara-da, alyjylara-da şatlyk paýlaýar

view-icon 5586
«Ussatlaryň ýarmarkasy», satyjylara-da, alyjylara-da şatlyk paýlaýar
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Üç günüň dowamynda «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde hünärmenleriň eli bilen döredilen aýratyn önümleriň ýarmarkasy geçirildi. Hend-meýd, ýagny öz eliň bilen ýasalan önümler dünýäniň ähli ýurtlarynda meşhurlyga eýedir. Ussat hünärmenler internet arkaly biri-biri bilen aragatnaşyk saklaýarlar, ussatlyk sapaklarynda önümleri ýasamagyň syrlaryny paýlaşýarlar, şeýle hem halkara ýarmarkalaryny gurnaýarlar.

«Ussatlaryň ýarmarkasynyň» başlygy, dizaýn telekeçisi Jeren Gylyjowa öz toparynyň hünärmenleriniň önümleriniň Gruziýanyň, Rumyniýanyň we Türkiýäniň sergilerine we ýarmarkalaryna gatnaşandygyny aýdýar. Bu ýarmarkanyň maksady diňe bir önümleri satmak bilen çäklenmän, eýsem, «Adam eli gyzyl gül» diýlişi ýaly ellerimiziň gözelligi döretmäge ukyplydygyny görkezmekdir.

Emma toparyň iň möhüm üstünligi, ýaşlaryň arasynda el hünärini ösdürmekdir. Ýarmarkada 25 stoluň üstünde dürli önümler ýerleşdirildi. Biziň ýüz tutan ilkinji satyjymyz 13 ýaşly Şirin Artykowa boldy. Ol myhmanlary söwda haltalary bilen tanyşdyrdy. Olaryň arasynda Wermeriň «Merjen gulakhalkaly gyzlar» suratynyň, multfilm gahrymanlarynyň we ösümlikleriň nusgalary bar. Polietilen haltalaryň ornuny tutýan ekologiýa taýdan arassa söwda torbalaryny kir ýuwýan maşynlarda ýuwup bolýar. Şiriniň stolunda dürli senetçilik önümleriniň arasynda kofe-topiýari (bagt agajy) bar. Kofe däneleri bilen örtülen ösümlikli güldany aşhanada goýup bolar. Aşhananyň islendik ýakymsyz ysyny aýyrmak üçin oňa birnäçe damja suw damdyrmak ýeterlikdir we kofeniň ajaýyp ysy töwerege ýaýraýar.

Satyjy Wera Jangarýan bu sergä ejesi bilen bile gatnaşýar, sebäbi Wera ýaňy 11 ýaşynda. Şeýle hem Wera häzirki wagtda alyjylar tarapyndan gaty isleg bildirilýän şopperleri ýarmarka hödürledi. Olaryň biri «Şu gün däl» ýazgyly ýadaw enäniň grafiki çyzgysy bilen bezelipdir.

Tanymal suratkeş Klawdiýa Durdyýewa ýarmarkada ajaýyp suratlaryny ýerleşdiripdir, ýöne Klawdiýanyň esasy buýsanjy gyzy Maýa Saparowa we agtygy Gurbangül boldy. Gurbangül, «Ussatlaryň ýarmarkasyna» gatnaşýan iň ýaş gatnaşyjy bolsa gerek. Ol ýaňy 8 ýaşynda. Eger onuň enesi epoksid smolasy bilen doldurylan ösümliklerden enjamlary düzýän bolsa, Gurbangül diňe owadan ösümlikleri guradyp, olary çarçuwada goýýar. Başgaça aýdylanda, enesi, ejesi we agtygy ýarmarkada içerki bezeg üçin önümleri hödürlediler.

Ýarmarkada goýlan örülen oýnawaçlaryň ýanyndan biperwaý geçip bolmaýar: Irina Babiçenkonyň we Lýudmila Babaniýazowanyň ýasan ördegi, pişijegi, meşhur multfilmiň totyguşy we beýleki köp sanly gurjaklar islendik adamyň ünsüni özüne çekýär. Irina ýarmarka dowam edýän wagtynda hem gymmatly wagtyny ýitirmän gurjaklary ýasamagyny dowam edýär.

Ýarmarka senetçileri-de, myhmanlary-da ajaýyp duýgulara besledi, ony görmäge gatnaşanlardan nämedir bir zat satyn alman gideni ýok diýen ýaly. Şonuň üçin hem ony şatlyk paýlaýan ýarmarka diýip atlandyryp bolar.