Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp garşylamak bilen bagly çäreleriň gerimi barha giňeýär. Munuň şeýledigini şu ýylyň 17-nji awgustynda Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşmagy hem aýdyň görkezýär. Şunda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda belleniljek doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasyna taýýarlyk çärelerine hem möhüm ähmiýet berildi. Şol ýerde Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyraga bagyşlap täze goşgusyny döredendigini aýtdy we ony okap berdi.
Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýaş nesliň dünýägaraýşyny kemala getirmekde bahasyna ýetip bolmajak terbiýeçilik ähmiýeti bar. Magtymgulynyň poeziýasynyň ahlak sapaklary ähli döwürde-de wajyp bolup durýar. Şahyr adamzat gatnaşyklarynyň ähli ugry babatda öz pikirini çeper beýan edipdir. Söýgi, dostluk, watanperwerlik, abraýa we borja wepalylyk, rehimdarlyk, ýagşylyk we ýamanlyk – bular onuň eserleriniň içinden eriş-argaş bolup geçýär.
Magtymgulynyň päkize we düşnükli dilde ýazylan goşgularynda özüne bendi ediji bir jady bar. Şahyryň duýga baý şygyrlary, sazlaşykly gurluşy bilen okyjyny özüne maýyl edýär. Onuň eserleriniň her setiri nusgawylygyň belent derejesine ýetýär.
Biz durmuşyň wajyp meseleleri ýüze çykanda Magtymgulynyň eserlerine ýüzlenýäris. Pyragynyň şahyrana setirlerine salgylanyp, bizi gyzyklandyrýan filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwer, ruhy-ahlak meselelere jogap tapýarys. Onuň eserleri hemişe okyjynyň haýsydyr bir durmuş pursadynda nähili hereket etmelidigi baradaky şübhelerden dynmaga kömek edipdi we ol häzirem adama ruhy goldaw bermegini dowam etdirýär.
Halk paýhasyny, nakyllary we atalar sözlerini giňden ulanan Magtymguly halk diline ornan we häli-häzire çenli il arasynda giňden ýaýran anyk jümleleri döredipdir. Şol eserlerde, misli aýnada görünýän ýaly, halkyň egsilmez ruhy şöhlelenýär.
Magtymgulynyň eserleri jemgyýetde adamyň ahlak ýörelgeleriniň, kanunlarynyň, kadalarynyň we düzgünleriniň bir görnüşi bolmak bilen dünýä ýüzüne giňden ýaýrady. Häzirki wagta çenli Pyragynyň goşgulary dünýä halklarynyň köpüsiniň dillerine terjime edildi.
Biz ̶ mugallymlar hem ýaşlara berýän bilim-terbiýämizde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine yzygiderli ýüzlenýäris. Şahyryň şygyrlary ýaşlarymyzda ata Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny ösdürýär. Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň atlaryny hemişe alkyşlara besleýärler.