Ï Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň taryhy tejribesi barada aýdyp berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň taryhy tejribesi barada aýdyp berdi

view-icon 13706
Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň taryhy tejribesi barada aýdyp berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň taryhy tejribesi barada aýdyp berdi.

Adamzat taryhynyň bütin dowamynda türkmenler döwlet döretmekde, ony dolandyrmakda, adalatly jemgyýeti gurmakda baý tejribesi bolan halk hökmünde tanalandygyny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, türkmenler gadymyýetde we orta asyrlarda edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynyň sahnasyna çykyp, geçmişde şöhratly yz galdyrypdyrlar. Dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun, Änew medeniýetlerini, Altyndepe siwilizasiýasyny, Marguş şalygyny döredenler biziň şöhratly ata-babalarymyzdyr.

«Türkmenler Zemindäki gadymy halklaryň biri bolmak bilen, Ýakyn we Orta Gündogarda, Kiçi Aziýada, Hindistanyň ägirt uly giňişliklerinde, Hytaýdan tä Ýewropa çenli aralykda mesgen tutup, uly döwletleri, hanlyklary, beglikleri, atabeglikleri esaslandyryp, döwleti dolandyrmagyň gymmatly nusgasyny döredipdirler» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Parfiýa imperiýasynda, Horezmşalar, Gaznalylar we Garahanlylar döwletlerinde, Beýik Seljuk imperiýasynda, Memluklar, Garagoýunlylar we Akgoýunlylar döwletlerinde, Hindistandaky soltanlyklarda örän baý tejribe toplanypdyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda gahrymançylykly taryhymyzyň hemmetaraplaýyn, çuňňur, dogruçyl öwrenilmegi we dikeldilmegi şöhratly geçmişimize bolan beýik milli buýsanjy döredendigini diýip, alym Arkadymyz aýtdy.

«Biziň baý taryhymyz, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, nepis halylarymyz, wepadar we ýyndam bedewlerimiz, edermen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde millet hökmünde tanalmagymyzy şertlendirýän milli buýsanjymyzdyr, mertebämizdir» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýratyn üns çekdi.