Ï Zehinli çagalar — Watanymyzyň geljegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zehinli çagalar — Watanymyzyň geljegi

view-icon 4778
Zehinli çagalar — Watanymyzyň geljegi

Şu gün Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp, zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti geçirildi.

Ýurdumyzyň körpe aýdymçylarynyň arasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen döredijilik bäsleşigi Watanymyzyň baş baýramyna bagyşlanan esasy baýramçylyk çäreleriniň toplumyna badalga berdi. Ýaş zehinleriň bu gözden geçirilişi köp ýyllaryň dowamynda jemgyýetimizde uly gyzyklanma eýe boldy. Bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän ýylyň möhüm medeni çäreleriniň baş maksady Watanymyzyň ähli künjegindäki umumybilim berýän we sazçylyk mekdeplerinde, döredijilik merkezlerinde hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim alýan we terbiýelenýän zehinli çagalary ýüze çykarmakdan, olaryň zehinlerine goldaw bermekden, çeper höwesjeňligi ösdürmekden, milli aýdym-saz medeniýetiniň ýörelgeleriniň dowamatlylygyny berkitmekden, ösüp gelýän ýaş nesli ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň milli sungatymyza söýgüsini artdyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň saýlama tapgyrlary jemleýji konsertden has ozal badalga aldy we birnäçe tapgyrda geçirildi. Ýaş artistleriň iň zehinlileri saýlama tapgyrlary geçip, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk aldylar. «Türkmeniň ak öýi» binasynda bäsleşigiň ýeňijileriniň sungat baýramçylygyna öwrülen jemleýji konserti boldy.

Çagalar, döredijilik bäsleşiginiň jemleýji konsertine ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Bellenilişi ýaly, sungat äleminiň ýaş ýyldyzlarynyň joşgunly aýdym-sazlary eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza, ajaýyp tebigatymyza, milli sungatymyza beýik buýsanjyň hem-de wepalylygyň beýanydyr. «Siziň şirin sazlaryňyz, ajaýyp aýdymlaryňyz täsin gözellik dünýäsidir. Bagtyýar döwrümizi, zähmetsöýer halkymyzy wasp edýän, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we dost-doganlyk ýörelgelerimizi dabaralandyrýan sungat eserleridir» diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda nygtalýar.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda belleýşi ýaly, geljegimiz bolan ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, aýdym-saz, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin edilýän yzygiderli aladalaryň netijesinde, bu gün Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurduna öwrüldi. Arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesinde merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine eýerýän, Watana, halka wepaly, zehinli, sungaty söýýän, her bir işe yhlas bilen ýapyşýan täze nesil kemala geldi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň uzak wagtlap sabyrsyzlyk bilen garaşan tolgundyryjy pursady joşgunly konserte öwrüldi. Diňe iň zehinli ýerine ýetirijiler — jemleýji tapgyra gatnaşyjylar şu gün bu ajaýyp sahnada çykyş etmäge we arzyly arzuwlaryna tarap gadam urmaga mümkinçilik aldylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň festiwaly synaglar we başlangyçlar hem-de täze gözlegler üçin ajaýyp meýdança bolup, çagalary öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ruhlandyrýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna geljekde milli sungatymyzyň şöhratyny belende göterjek «ýyldyzjyklar» — aýry-aýry aýdymçylar, tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary gatnaşdylar.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylda bu döredijilik gözden geçirilişi aýratyn mazmuna eýedir. Ýaşajyk artistler joşgunly owazlary bilen eziz Watanymyzy, onuň geçmişini we ajaýyp şu gününi, zähmetsöýer halkyny, türkmen topragynyň gözel tebigatyny wasp etdiler. Aýdymlar we tanslar wideoşekiller bilen utgaşyp, sahnada ýaşajyk türkmenistanlylara bagtyýar çagalygy bagyş edýän beýik döwletiň keşbi janlandy. Dabara gatnaşyjylar öz zehinleri we täsin döredijilik ylhamy bilen köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdiler.

Jemleýji dabaraly konsert bäsleşige gatnaşyjylaryň toparlaýyn ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Merjen däneler» atly aýdym-sazly çykyş bilen açylyp, ol festiwalyň özboluşly sazly nyşanyna, bagtyýar çagalyk döwrüniň we halkymyzyň rowaçlygynyň senasyna öwrüldi. Bu aýdym döwlet Baştutanymyzyň ösüp gelýän nesil baradaky aladasyna bagyşlanýar. Ýurdumyzda olaryň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Konsert türkmen halkynyň ruhy ýörelgelerini wasp edýän joşgunly çykyşlar bilen dowam etdi. Olaryň köpöwüşginliligi «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýokary baýramçylyk ruhuny emele getirdi. Owadan bezelen sahnada iň gowy çykyşlaryň onlarçasy — aýdym-sazly çykyşlar, halk döredijilik eserleri we häzirki zaman mukamlary ýerine ýetirildi.

Her bir çykyş özboluşly dabara öwrüldi we döredijilik aýratynlygy bilen tapawutlandy. Ýaşajyk zehinleriň uly joşgun, ylham bilen ýerine ýetiren aýdym-tanslary tomaşaçylaryň hiç birini biparh goýmady. Tomaşaçylaryň ýüzlerçesi sahnada ýaýbaňlandyrylan çykyşlary buýsanç hem-de tolgunma bilen synlap, ýaşajyk artistleri joşgunly el çarpyşmalar bilen goldadylar. Çagalaryň päk kalbyndan joşup çykýan owazlar Watanymyza, zehinlerini ýüze çykarmak we arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallygyň çeper beýany bolup ýaňlandy. Körpeler dost-doganlyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, bagtyýar durmuş baradaky aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Halk we estrada aýdymlarynyň giňden wagyz edilmegi arkaly milli aýdym-saz sungatynyň ösdürilmegi umumymilli çagalar bäsleşiginiň baş maksatlarynyň biridir. Şu gezekki konsertiň maksatnamasyna ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän aýdym-sazlar bilen bir hatarda, milli aýdym-saz medeniýetimiziň köpöwüşginliligini açyp görkezýän dürli eserler girizildi. Bu konsert ösüp gelýän ýaş nesliň zehininiň çäksizdigini ýene bir gezek subut etdi. Festiwala gatnaşyjylaryň ählisi hem-de köp sanly tomaşaçylar tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilen «Biz Watanyň merjen dänesi» atly aýdym dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Emin agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň iň zehinlilerini saýlap aldylar. Tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalarynyň astynda çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Olara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular. Olar çagalary geljekki döredijilik bäsleşiklerinde üstünliklere we arzyly maksatlaryna ýetmäge höweslendirer.

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy baradaky ýadawsyz aladasy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de yhlasly okajakdyklaryna, döredijilik bilen yzygiderli meşgullanjakdyklaryna, zehinlerini artdyryp, Watanymyzyň abadançylygyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.