Ï Şekillendiriş sungaty mugallymlarynyň eserleriniň sergisi guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şekillendiriş sungaty mugallymlarynyň eserleriniň sergisi guraldy

view-icon 4740
Şekillendiriş sungaty mugallymlarynyň eserleriniň sergisi guraldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Suratkeşler birleşiginiň Sergi merkezinde  Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň surat bölüminiň  mugallymlarynyň 21-siniň eserleriniň sergisi guraldy.

Çeperçilik boýunça talyplara sapak berýän mugallymlaryň egnine örän möhüm we jogapkärli wezipe düşýär. Ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynyň ösüşi olaryň tagallasyna bagly bolup durýar.

Başgalara öwretmek üçin öz işiň uly ussady bolmaly. Şonuň üçin hem şekillendiriş sungaty boýunça mugallymlaryň gala sergisi  ̶  ýaş suratkeşleriň  halypasy bolmak hukugy üçin uly bir synagdyr diýsek ýalňyşmarys. Sergide dürli temalara, görnüşlere degişli eserleriň 125-si sungat işgärlerine, akademiýanyň talyplaryna, sungaty öwrenijilere we sungaty söýüjilere görkezildi.

Elbetde, ilki bilen, özüne çeken zat uly göwrümli eserler boldy. Şolaryň biri Azat Myradowyň «Mekgä baryp görmek» atly grafiki eseridir. Surat adaty bolmadyk göwrümi bilen  sergä gelenlere öz täsirini ýetirýär.

Sergide Gollandiýaly gadymy suratkeş ussatlarynyň äheňinde ýerine ýetirilen  ýaşulularyň portretlerine aýratyn  üns bermän geçmek mümkin däl.

Bu eserler serginiň merkezi böleginde ýerleşýän «Daglarda duşuşyk» atly iki suratyň awtory Zakirjan Babaýewyň eserleridir.

Eserleriniň dramatizmligi we hereketi tomaşaçylaryň ünsüni hemişe özüne çekýär.

Polat Çaryýew «Ussat bagşy» atly suratyň awtory bolup, onda özüni bagşy hasap edýän oglanjygyň öz dostlary bolan taýçanaga we köşege «konsert berýän» pursady suratlandyrylypdyr. Suratda şeýle bir hoşniýetlilik we degişme bar welin, ýylgyrmazlyk mümkin däl.

Suratkeş Begenç Berkeliýew gyrymsy agaçlaryň üstünden görünýän şäheriň gözel görnüşleriniň suratyny hödürledi.

Atageldi Jumanyýazow bolsa açyk ýagty reňklerde «Gyz we geçi» atly suraty ýerine ýetiripdir.

Açyk, ýagty reňkler tomaşaçylaryň ünsüni aýratyn özüne çekýär.

Her bir eser suratkeşiň daş-töwerege bolan şahsy garaýşyny açyp görkezýär. Olaryň her biri döredýän eserlerinde dünýäni özleriçe görüşleri ýaly beýan edýärler. Ýaş suratkeşler şeýle mugallymlardan sungatyň bu görnüşiniň syrlaryny, inçe taraplaryny öwrenmäge çalyşýarlar.

Mugallymlaryň çeken suratlarynyň sergisi akademiýanyň okuwçylaryna ylham berdi, olarda täze güýç bilen döwrebap eserleri döretmek islegini has-da artdyrdy.