Ï Tomaşaçylaryň öňünde jogapkärçilik duýgusy bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tomaşaçylaryň öňünde jogapkärçilik duýgusy bilen

view-icon 3778

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň topary şowhunly we baý repertuar bilen teatr möwsümini açdy.

Ýerli aktýorlar we režissýor Guwanç Baýmedow Aşyr Mämeliýewiň «Älemgoşarly tomus» atly eseri esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylan ýylyň şygaryna bagyşlanan täze eseri sahnalaşdyrdy. 

Teatryň döredijilik topary sahna üçin saýlan eserleriniň çeperçilik hiline, ýerlikliligine, spektakl üçin elýeterliligine hemişe uly üns berýär we aktýorlar bilen tomaşaçylaryň arasyndaky göni aragatnaşygy esasy meseleleriň biri hasaplaýarlar, bu bolsa adamlarda raýatlyk we watançylyk duýgularyny, işjeň durmuş ýagdaýyny, ýagşylyk düşünjelerini, Watana bolan söýgini ösdürmäge kömek edýär.

Bu ýyl hem tomaşaçylar ýene-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndaky rowaýatlara esaslanan «Ygrar ataşy» pýesasyna tomaşa ederler. 

Geçen ýyl dramaturg Öremyrat Öwezowyň edebi ýazgysy esasynda režissýor Bekmyrat Hallyýew tarapyndan sahnalaşdyrylan spektakl tomaşaçylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Bu sahna oýnunyň esasy temasy watançylyk, çuňňur söýgi duýgusy, Watana, halka wepalylyk we olar üçin zerur bolsa şirin janyňy pida etmek bolup durýar.

Täze möwsümde teatryň ýaşajyk tomaşaçylary üçin dramaturg Aýmämmet Işangulýewyň adybir eseri esasynda režissýor Guwanç Baýmedowyň sahnalaşdyrmagynda «Jadyly söz» sahna oýny goýulýar, onda çagalary hoşniýetlilik däpleri esasynda terbiýelemk, ene-atalaryna bolan hormat we söýgi, çagalaryň jogapkärçiligini we jemgyýetdäki borjuny bilmegi eseriň mazmunyny düzýär. 

Möwsümde tomaşaçylar Nurulla Abbashanyň adybir pýesasy esasynda režissýor Bekmyrat Halliýewiň sahnalaşdyran maşgala gymmatlyklary hakynda gürrüň berilýän «Bag» eserine we dramaturg Aýamämet Işangulýewyň adybir eseri bolan ýalanlary paş edýän we hakykatyň güýjüni wasp edýän «Çynymy aýtsam» atly gülküli sahna oýnuna tomaşa edip bilerler.