Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 14-15-nji sentýabrda geçiriljek bäşinji konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (IFAS) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisiniň çäklerinde birnäçe ugurdaş çäreler meýilleşdirilýär. Olara Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar we meýilleşdirilen çäreler söwda, ykdysady, medeni hem-de ynsanperwer ugurlar boýunça sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.
Şu çäreleriň arasynda ykdysady forum, milli önümleriň halkara sergisi, Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň Dialogynyň agzalarynyň duşuşygy, nakgaşlaryň işleriniň sergisi, ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň birinji forumy, ulag ministrleriniň duşuşygy hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçiriler.
Konsertde biziň ýurdumyzdan meşhur estrada aýdymçylardan, sazandalardan, tansçylardan we ýaşlar döredijilik toparlaryndan ybarat bolan köp sanly medeniýet we sungat ussatlary çykyş ederler. Olaryň arasynda belli estrada aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa, meşhur aýdymçy Züleýha Kakaýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri «Näzli» tans ansambly we «Laçyn» tans-saz, folklor ansambllary bar.