Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde «Romantika romansa» («Romansyň romantikasy») at bilen konsert geçirildi. Konsertde romanslardan başga-da birnäçe estrada aýdymlary hem ýaňlandy.
Konsert SSSR-iň we Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň şägirdi Wera Bazarowanyň çykyşy bilen açyldy.
Wera Bazarowa halypasyndan wokal sungatynyň köp inçeliklerini öwrendi we munuň şeýledigini kompozitor Aleksandr Alýabýewiň «Bilbil» romansyny ussatlyk bilen ýerine ýetirişi hem aýdyň görkezdi.
Tomaşaçylar bu çykyşy el çarpyşmalar bilen kabul etdiler.
Nury Halmämmedowyň «Bilmezmiň», «Gözel Şirgazy» we «Gyz» atly üç romansyny Begenç Moşşyýew ýerine ýetirdi we özüniň güýçli tenor sesi bilen diňleýjileri ýene bir gezek özüne çekdi.
Ýeri gelende aýtsak, Wera Bazarowa tomaşaçylara beýik türkmen kompozitory bilen şahsy duşuşyklary baradaky ýatlamalaryny hem bagyş etdi. Wera Bazarowa soňra Rejep Rejepowyň «Säherdäki atlylar» atly filme ýazan aýdymyny ýerine ýetirdi, şeýle hem bu kompozitor barada gürrüň berdi.
Konsertde Begenç Moşşyýew rus halkynyň «Kalinka» aýdymyny ussatlarça ýerine ýetirdi. Tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen aýdymça özleriniň hoşallyklaryny bildirdiler.
Konsertiň dowamynda meşhur aýdymçylara ýaş wokalçy hem goşuldy. Natalýa Lepehina «Köp ýaşly klýon», «Meniň bilen gürleş, eje», «Gara pişik» aýdymlaryny ýerine ýetirdi.
Konsert üç aýdymçynyň hemmesiniň bilelikde aýtmagynda «Aýdym ynsan bilen galýar» atly aýdym bilen tamamlandy.
Konserte halkara bäsleşikleriň diplomanty Stella Faramazowa konsertmeýsterlik etdi.