Ï Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri täze möwsümi Çaýkowskiniň sazy bilen açar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri täze möwsümi Çaýkowskiniň sazy bilen açar

view-icon 4247
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri täze möwsümi Çaýkowskiniň sazy bilen açar

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri täze saz möwsümini açmaga taýýarlanýar.

“Çaýkowskiý. 4-nji simfoniýa” we “Dünýä simfoniki sazlarynyň ajaýyp eserleri” atly konsert 30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda geçiriler.

Dördünji simfoniýa genial rus kompozitorynyň ajaýyp eserleriniň biridir. 1877-nji ýylda döredilen simfoniýa Çaýkowskiniň döredijiliginiň jemi boldy. Onda simfoniki sazyň täze görnüşi - psihologiki drama kemala geldi. Saz möwsüminiň şu ajaýyp eser bilen açylmagy tutuş ýylda belent derejäniň saklanjakdygyny aňladýar.

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň hiç haçan ýeten derejesi bilen kanagatlanyp oturmaýandygyny bellemek gerek. Bu döredijilik topary ýerine ýetirjiilik ussatlygyny kämilleşdirmegi dowam edip, has batyrgaý döredijilik taslamalary durmuşa geçirmekde netijeli iş alyp barýar.

Sazandalar üçin hem, orkestriň çeper ýolbaşçysy Resul Gylyjow üçin hem täsirli bolan geçen ýylky saz möwsümini ýatlamak ýeterlikdir. Orkestriň ýatdan çykmajak konsertleri diňe bir bilen türkmenistanlylaryň ýüreginde orun tutman, eýsem, onuň daşary ýurtlardaky çykyşlary beýleki ýurtlaryň halkynyň hem kalbyna ornaşdy.

Şu ýylyň tomsunda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň ýaşlar kamera orkestri Germaniýanyň günortasyndaky gadymy Baýrot şäherinde geçirilen ýaş sazandalaryň Halkara festiwalyna gatnaşdy.

“Däp-dessurlar” atly umumy temadan geçirilen saz festiwalynda türkmen sazandalarynyň çykyşlaryna “Garagum ýelleriniň owazy” diýlip at berildi.

Ýakynda bolsa dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Bişkekde GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVI forumynyň açylyş dabarasy mynasybetli uly konsertde çykyş etdi. Konsertde GDA ýurtlarynyň iň meşhur filmlerinden kompozisiýalar ýerine ýetirildi.

GDA-nyň birleşen Ýaşlar simfoniki orkestriniň hatarynda çykyş eden türkmen sazandalary Nury Halmämmedowyň “Aýgytly ädim” filmine ýazan kompozisiýasyny ýerine ýetirdiler. Orkestre Gyrgyzystanyň wekilleri, rus dirižýorlary, şeýle hem Resul Gylyjow dirižýorlyk etdi.

Mundan başga-da, kamera orkestri Bişkegiň çagalar sazçylyk mekdebine baryp gördi.

Dürli ýurtlara saparlardan we nusgawy saz muşdaklary bilen duşuşyklardan galan täsirler sazandalary täze konsert maksatnamasyny döretmäge ruhlandyrdy.