Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynda Magtymgulynyň goşgusyny okady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynda Magtymgulynyň goşgusyny okady

view-icon 3963
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynda Magtymgulynyň goşgusyny okady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgusyny okady.

«Geljek ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda türkmen halkynyň görnükli ogly, akyldar şahyr, filosof we jemgyýetçilik işgäri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellener» – diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ahli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly özboluşly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar. 

«Men öz çykyşymy Magtymgulynyň «Adamzat» atly goşgusynyň şu sözleri bilen tamamlamak isleýärin. Bu goşguda şahyr döwürdeşlerine we geljekki nesillere örän täsirli şeýle setirler bilen ýüzlenýär:

«Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz,

Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat» – diýip, hormatly Prezidentimiz şahyryň goşgusyny okady.

«Goý, döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylyk, adalatlylyk hem-de ösüş ideallaryna wepalylyk biziň bilelikdäki işimizde esasy we aýdyň ýörelge bolup hyzmat etsin» – diýip, döwlet Baştutanymyz arzuw etdi.