Ï Aşgabatda 2023-nji ýylyň moda toplumlary görkezildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda 2023-nji ýylyň moda toplumlary görkezildi

view-icon 8065
Aşgabatda 2023-nji ýylyň moda toplumlary görkezildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna gabatlap geçirilen ykdysady üstünlikleriň sergisiniň çäginde Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat modeller öýi we ýurduň öňdebaryjy dizaýnerleri täze modaly geýimleri görkezdiler.

Ýaş türkmen dizaýnerleriniň toplumlary milli röwüşlere baplygy, adaty halk lybaslarynyň biçüwiniň we reňkiniň aýawly goralyp saklanmagy, şeýle hem döwür bilen utgaşmagy bilen meşhurdyr.

Söwda-senagat palatasynda zenanlaryň baýramçylyk köýnekleri, resmi erkek kostýumlary we çagalar üçin owadan geýimler görkezildi. Mundan başga-da, sergi stendlerinde forumyň myhmanlary diňe bir öz Watanymyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da üstünlik gazanan türkmen dizaýnerleriniň täze önümleri bilen tanyşdylar.

Ýakynda «Mähirli zenan» atly meşhur türkmen modalar öýi ilkinji gezek Milanyň «Mad mood week Milano 2023» moda hepdeligine gatnaşdy. Ol ýerde görkezilen «Hazyna» toplumy moda senagatynyň daşary ýurt wekilleriniň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

– Biziň «Hazyna» toplumymyz türkmen keşdesi bilen milli däp-dessurlara görä döredilen özboluşly köýnekleri, ýapynjalary we donlary öz içine alýar – diýip, «Mähirli zenan» moda öýüniň döredijisi Aýna Durdylyýewa aýdýar. – Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras sanawyna girizilendigine örän buýsanýarys. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurtlulary milli baýlygymyz bolan türkmen medeniýeti we milli mirasymyz bilen tanyşdyrmak gaty ýakymly boldy. Gadymy döwürlerden bäri gyz-gelinlerimiz egin-eşiklerini syrly keşdeler we alaja nagyşlar bilen bezäpdirler. Bu keşdäniň syrlarynyň nesilden-nesle geçmegi dowam edýär, biziň çeper elli gelin-gyzlarymyz bolsa olara diýseň aýawly çemeleşýärler.

Türkmen dizaýnerleriniň halkara sergä gatnaşmagy Milanyň moda hepdeliginiň şahadatnamasy we heýkeli bilen bellendi.

Moda kolleksiýalaryny döretmek üçin biziň öndürijilerimiz diňe tebigy çig maly, ýagny pagta, ýüpek süýümi, ýüplük, dürli matalary ulanýarlar. Materiallaryň ekologiýa taýdan zyýansyzlygy we dizaýnynyň estetika taýdan özüne çekijiligi ýurdumyzyň modaly egin-eşikleriniň artykmaçlygydyr.

Her toplum diňe bir egin-eşik däl, eýsem, özboluşly çeper ýygyndydyr. Milli röwüşler bilen bezelen milli keşdeler, geometrik we gül nagyşlary 2023-nji ýylyň moda ugurlarynyň arasynda bolmagynda galýar.