Ï Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara

view-icon 8164
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy. Baýramçylyk dabarasyna sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylary, meşhur folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Garaşsyzlyk güni özygtyýarly döwletimiziň berkararlygyny, nesilleriň we döwürleriň synmaz ruhy baglanyşygyny, ata-babalarymyzyň Watanymyzyň Garaşsyzlygy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň jebisligi ugrunda köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwlarynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýan baş baýramymyzdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşda ýaşaýar. Ýurdumyz ähli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýar, belent sepgitlere ýetýär. Häzirki döwürde Diýarymyzyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalandyrylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gülläp ösüşiň, abadançylygyň mekanyna öwrülýär. Mähriban Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndaky arzuwy bolan Garaşsyzlyk bu gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Garaşsyzlyk döwletimiziň binýadyny berkidip, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy.

Mukamlar köşgünde emele gelen ýokary ruhubelentlik we şatlyk duýgusy türkmen halkynyň özygtyýarly döwletimiziň ösüşlere beslenen täze taryhy döwrüne buýsanjyny artdyrýar. Ýakynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň täze sepgitlere ýetmekde ynamly öňe gitmegi üçin uly mümkinçilikleri açýan möhüm çözgütler kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki maksatnamalaýyn çykyşynda Birleşen Milletler Guramasyndan şu baýramçylyk günlerinde şatlykly habaryň gelip gowşandygyny, bu guramanyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bütindünýä mirasy komitetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüdiň kabul edilendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu sanawa ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary hem girizildi. Bularyň ählisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň durnukly ösüşine goşýan goşandydyr.

Hormatly Prezidentimiz mejlisdäki çykyşynda ýene-de bir möhüm meseläniň üstünde durup geçdi. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilip geçiler. Bu şanly sene bilen bagly köp sanly çäreler meýilleşdirildi. Bu dabaralar örän ýokary derejede, dabaraly ýagdaýda geçirilmelidir. Öz halkyny agzybirlige we özbaşdak, berkarar döwletlilige çagyran beýik ynsanperwer şahyryň şanly ýubileýini ählihalk baýramçylygyna öwürmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmaga uly goşant goşandyklary üçin Türkmenistanyň raýatlaryny ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de hormatly atlary dakmak hakynda Permanlara gol çekdi. Şolaryň hatarynda öz zehinini mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyşlan döredijilik işgärleriniň hem köp sanly wekilleri bar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda geçirilýän her bir baýramçylyk sungat ussatlarynyň, aýdym-saz we folklor toparlarynyň Türkmenistanyň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalara aýratyn öwüşgin çaýýan çykyşlary bilen utgaşýar. Şu gün hem Mukamlar köşgüniň sahnasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ählihalk toýuny ruhubelent baýramçylyk aýdym-sazlary bilen garşylamak ýörelgesi öz beýanyny tapdy. Bu ýere köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bar. Şeýle-de hormatly ýaşulular, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylym, döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar bu ýere ýygnandylar. Daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatyna gatnaşyjylar we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly wekiller hem myhmanlaryň hatarynda boldular.

Baýramçylyk konserti «Garaşsyz ýurdumda uly toý bu gün, buýsan, türkmen, Arkadagly Serdara!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Konsert maksatnamasy žanrlaryň köpdürlüligi, çykyşlaryň ilkinji gezek hödürlenýändigi bilen tapawutlanýar. Olarda milli sungatyň baý we iň gowy däpleriniň dowamlylygy şöhlelendirildi. Konsertiň dabaraly açylyşy «Dokmaçylar» folklor toparynyň ýurdumyza gelen ähli myhmanlary ajaýyp baýramçylygyň şatlygyny paýlaşmaga çagyrýan şowhunly çykyşy bilen dowam etdi.

Baýramçylyk çäresine Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlary aýratyn öwüşgin çaýdy. «Akylly» şäheriň aýdymy» atly aýdym-sazly tans kompozisiýasy milli öwüşgine baýlygy bilen tapawutlansa, «Joşgun» çagalar hory we «Şowhun», «Şatlyk», «Galkynyş», «Ruhubelent» çagalar tans toparlary ýaş nesilleriň zehinlerini görkezdiler. Bu çykyşlar nusgalyk derejededir. Biz “Türkmenistany bagtyýar çagalygyň ýurdy” diýip atlandyrýarys. Çünki ýurdumyzda ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy.

Tomaşaçylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bagyşlanan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» aýdymyny aýratyn ruhubelentlik bilen diňlediler. Meşhur aýdymçylaryň hem-de «Miras» döredijilik toparynyň çykyşlary bilen utgaşyklylykda wideoşekiller hem görkezilip, olarda häzirki zaman Bitarap türkmen döwletiniň okgunly ösüşleri beýan edildi. Soňra ýurdumyzyň döredijilik toparlary, meşhur aýdymçylar, opera ussatlary we türkmen estradasynyň ýyldyzlary — Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrunda geçirilen döredijilik gözden geçirilişleriniň ýeňijileri, belli tans we folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetirmeginde milli hem-de daşary ýurt nusgawy saz eserleriniň, halk dessanlarynyň nusgalary, häzirki zaman tanslary, aýdym we tans çykyşlary görkezildi. Tomaşaçylar «Mukam» ýaş skripkaçylar toparynyň, Döwlet horunyň, Döwlet tans toparynyň çykyşlaryny el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

«Aşgabat», «Galkynyş», «Näzli», «Meňli» tans toparlary sahnada milli däpleriň häzirki döwür bilen baglanyşygynyň edebi öwüşginlerini beýan etdiler. Deprekçiler toparynyň eziz Watanymyza, parahatçylyga we gülläp ösüşe bagyşlap, joşgunly we baýramçylyk ruhunda ýerine ýetiren «Toý bu gün» atly edebi-sazly çykyşy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. «Laçyn» folklor topary «Bilezik» atly aýdymy Gündogar däpleri esasynda ýerine ýetirip, öz baýramçylyk sowgadyny taýýarlady.

Şanly günüň öňüsyrasynda döwlet baýramçylyk konsertinde çykyş etmek artistler üçin olaryň ussatlygynyň ykrar edilmeginiň nyşany boldy. Artistleriň eserlerine bagyş eden ýürek duýgulary, zehini tomaşaçylarda gyzgyn seslenme tapdy. Häzirki zaman audio-wideo tehnologiýalarynyň ulanylmagy bolsa konserte aýratyn öwüşgin çaýdy.

Konsert «Arkadag» aýdymy bilen dowam etdi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan beýik özgertmeleriniň we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän işleriň aýdyň beýanyny özünde jemledi. Ähli türkmenistanlylaryň söýgüsini gazanan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» goşgusyna döredilen aýdym tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. Ol her bir güni beýik ýeňişlere, zähmet üstünliklerine, umumyhalk baýramlaryna beslenýän Watanymyzyň senasy bolup ýaňlandy.

«Dehistan» folklor toparynyň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň folklor-tans toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki “Küştdepdi” tansy baýramçylyk konsertine ajaýyp öwüşgin çaýdy. Döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygynyň nyşany bolan gadymy tans häzirki döwrümiziň döredijilik kuwwaty bilen utgaşdy.

Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Gutly bolsun Garaşsyzlyk baýramy!» atly aýdym dabaranyň jemlenmesine öwrüldi. Bu aýdymy tomaşaçylaryň ör turup ýerine ýetirmekleri parahatçylyk, ösüş we döredijilik ýoly bilen öňe barýan eziz Watanymyza halkymyzyň belent buýsanjynyň aýdyň beýany boldy.