Ï «Müdimi rowaýatlar» spektakly Duşenbede geçiriljek Halkara teatr festiwalynda görkeziler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Müdimi rowaýatlar» spektakly Duşenbede geçiriljek Halkara teatr festiwalynda görkeziler

view-icon 4164
«Müdimi rowaýatlar» spektakly Duşenbede geçiriljek Halkara teatr festiwalynda görkeziler

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurjak bölüminiň talyplary şu ýylyň 24-nji oktýabryndan 29-njy oktýabry aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriljek «Çodari Haýol» gurjak teatrlarynyň VII halkara festiwalyna ilkinji gezek gatnaşarlar.

Festiwala gatnaşmak üçin gurjakçy talyplar «Müdimi rowaýatlar» pýesasyny taýýarladylar. Spektaklyň ýordumy Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» we «Türkmen alabaýy» kitaplaryndan bölekler esasynda sahnalaşdyrylypdyr. Sazlaşykly birleşdirilen üç hekaýat türkmen halkynyň ruhy we ahlak gymmatlyklary hakda gürrüň berýär.

Ýöne adaty gurjak teatrynyň nukdaýnazaryndan spektakl düýpgöter üýtgeşikdir. Onda uly gurjaklar ulanylmandyr. Tomaşa gahrymanlaryň garaňkyda ýalpyldaýan sudurlary, dürli zatlar we hyýaly wakalary göz öňüne getirdýän enjamlar, ultramelewşe şekillerde beýan edilýär. Spektaklyň dowamynda çeper okaýjy şahyrana hekaýaty labyzly okaýar. Bu bolsa spektakla aýratyn tymsal äheňini berýär.

Režissýor, aktýor we institutyň aktýorlyk ussatlygy kafedrasynyň mugallymy Ylýas Durdyýew oýun barada öz pikirini şeýle beýan etdi:

— «Müdimi rowaýatlar» pýesasy ozal Türkmen döwlet gurjak teatrynda sahnalaşdyryldy we uly üstünlik gazandy. Oňa professional aktýorlar gatnaşdy. Indi gurjak teatrynyň aktýorlygynyň esaslaryny öwrenýän talyplar bilen birlikde, biz spektaklyň plastiki dilini öwrenýäris we predmetler bilen işlemek usulyny özleşdirýäris.


Halkara meýdançasynda Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan we Eýrandan teatr toparlarynyň arasynda Türkmenistana wekilçilik edýän talyplar üçin bu diňe bir uly jogapkärçilik bolman, eýsem, sahna başarnygyny ösdürmek we hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ýene bir ädimdir.

Halkara gurjak teatrlarynyň «Çodari Haýol» festiwaly Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň başlangyjy bilen ýurduň Hökümetiniň goldamagynda geçirilýär. Festiwal gurjak teatry sungatynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, gurjak teatryny galkyndyrmagy we ösdürmegi, ýaş nesliň estetiki terbiýesini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.