Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera ansambly ÝUNESKO tarapyndan 1-nji oktýabr diýlip tassyklanan Halkara aýdym-saz gününiň hormatyna 20-nji gezek konsert berýär. Şu döwrüň içinde konserwatoriýada konserti dutar bilen açyp, türkmen kompozitorynyň eseri bilen tamamlamak ýaly asylly däpler döredi.
Şu ýyl konsert maksatnamasynda ilkinji bolup çykyş etmek hormatyna Türkmenistanyň at gazanan artisti Osman Güjimow eýe boldy. Ol «Hajygulak» atly halk sazyny ýerine ýetirdi.
Bu konsertiň esasy aýratynlygy 6 – 10-njy oktýabr aralygynda Bişkekde (Gyrgyzystan) geçiriljek Delfi oýunlaryna gatnaşmak üçin iberilýän üç sany ýaş sazandanyň çykyşy boldy. Bu oýunlara GDA-ly sazandalar toparlary gatnaşar. Bäsleşikli ýaryşda topar utuklarynyň sanyna garalar. Biziň ýurdumyzdan sazandalar Delfi oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýarlar. Bu bolsa TSC ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Aýnur Otuzowa (fortepiano), konserwatoriýanyň talyplary Erjel Ýagşymyradow (pianino), Seýran Atanyýazow (skripka) dagynyň üstüne aýratyn jogapkärçilik ýükleýär. Konsert maksatnamasynda çykyş etmek olara Delfi oýunlarynda ýerine ýetirjek eserlerini köpçüligiň öňünde çalyp görmäge, diňleýjilere bolsa, öz gezeginde, daşary ýurt döredijilik bäsleşiginde ýurdumyzyň adyndan çykyş etjek sazandalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Alkyşlardan çen tutsaň, bäsleşige iberilýän sazandalar tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrypdyr.
Konserte Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow, halkara ýaryşlaryň diplomanty Stella Faramazowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri Begenç Moşşyýew, Bahar Durdyýewa we beýlekiler gatnaşdy. Olar türkmen we ýewropa sazlaryny ýerine ýetirdiler.
Maýa Gullaýewa Sergeý Prokopýewiň «Katerinasyny» ýerine ýetirip, kompozitoryň nusgawy eserden rus halk aýdymyna öwren eseri bilen tomaşaçylary bendi etdi.
Skripkaçylar Seýran Ataýazow bilen Jemal Agajanowadan ybarat duet uly üstünlik bilen çykyş etdi. Olar Igor Frolowyň «Diwertismentini» ýerine ýetirdiler. Bu aýdymda nusgawy saz jaz bilen bäsleşýärdi. Begenç Moşşyýew «Kalinka» rus halk aýdymy bilen tomaşaçylary ýene bir gezek haýrana goýdy.
Konsert Begenç Moşşyýewiň, Bahar Durdyýewanyň we Maýa Gullaýewanyň Çary Nurymowyň «Toý aýdymyny» ýerine ýetirmegi bilen tamamlandy. Halkara aýdym-saz gününe bagyşlanan konsert tamamlananda Maýa Gullaýewanyň «Taňry ýalkasyn, aýdym we saz!» diýip, agşamyň başynda labyzly okan goşgusynyň setiri minnetdar diňleýjileriň kalbyndan çykan ýaly boldy.