Ï Halkara aýdym-saz gününe bagyşlanan konsert
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara aýdym-saz gününe bagyşlanan konsert

view-icon 5648
Halkara aýdym-saz gününe bagyşlanan konsert
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda geçirilen «Saz ýaňlanýar ...» atly konsert Halkara aýdym-saz gününe bagyşlanan çäreleriň dowamy boldy.

Konserti guraýjy bolan wokal bölümi çykyşlary zala ýygnananlaryň hemmesiniň islegini göz öňünde tutup taýýarlamagy başarypdyr.

Saz agşamynda türkmen halk aýdym-sazlaryndan başga-da, türkmen kompozitorlary Nury Halmämedowyň «Aşgabat», Nury Muhadowyň «Watanym gülleýär» we beýleki eserleri ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow olardan ikisini - «Melodiýa» we «Prelýude» eserlerini ýerine ýetirdi.

Dünýagözel Begaliýewanyň ajaýyp sesi bilen ýerine ýetiren «Bu ýerde gowy» atly aýdymy bilbiliň owazyny ýatlatdy.

Sahnadan Antonin Dworžakyň, Modest Musorgskiniň we Pýotr Iliç Çaýkowskiniň meşhur eserleri ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Laçyn Hudaýberdýewanyň «Ах вы, сени, мои сени...» rus halk aýdymyny dutarda ýerine ýetirmegi örän täsirli boldy.

Konsertiň ikinji ýarymy daşary ýurtly häzirki zaman aýdym-sazlaryny halaýanlar üçin düzüldi.

Konsert «jadyly» halyda romantiki syýahat bilen dowam etdi, onda Dowran Şamyýew we Täzegül Baýramowa «Aladdin» filmindäki Alan Mankensiň aýdymyny bilelikde ýerine ýetirdiler.

Soňra «Reg time» we «Aşgabatkameratasy» aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary iň halanýan hitler boldy.

Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew we konserte gatnaşanlaryň hemmesi Françesko Sartoriniň «Time to say good bye» aýdymy bilen konserti tamamladylar.

Konserte gatnaşanlaryň hemmesine Halkara aýdym-saz güni mynasybetli gutlag hatlarynyň gowşurylmagy ýakymly täsir galdyrdy.