Ï Begenç Moşşyýew Türkmen milli konserwatoriýanyň Sas-festiwalyny açdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Begenç Moşşyýew Türkmen milli konserwatoriýanyň Sas-festiwalyny açdy

view-icon 4705
Begenç Moşşyýew Türkmen milli konserwatoriýanyň Sas-festiwalyny açdy
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda drama tenory Begenç Moşşyýewiň konserti boldy. Konsert konserwatoriýanyň ýaş mugallymlarynyň gatnaşmagynda Sas-festiwaly bilen açyldy.

Ýurdumyzda tanalýan aýdymçynyň seýrek zehininiň muşdaklary zala ýygnandylar. Roýalda – konsertmeýster Stella Faramazowa.

Konsert Rejep Rejebowyň «Ýalňyz ýoda» eseri bilen başlandy.

Begenç Moşşyýewiň repertuarynda Mihail Glinka we Pýotr Iliç Çaýkowskiý ýaly kompozitorlaryň «Sebäbini aýdyň», «Ganda ýanýar», «Bir söz bilen isleýärin» rus romanslary bar.

Begenç Moşşyýewe rus halk aýdymlaryny ýerine ýetirmek örän kybap gelýär, «Kalinka» aýdymy bolsa onuň döredijiliginiň esasy eseridir.

Şonuň ýaly-da, B.Moşşyýew italýan kompozitorlarynyň operalaryndan ajaýyp ariýalary ýerine ýetirýär.

Diňleýjiler Begenç Moşşyýewiň ýerine ýetirmeginde Ernesto de Kurtisiň we Jakomo Puççininiň eserlerini diňläp has-da lezzet aldylar.

Şeýle hem ol kompozitor Durdy Nuryýewiň «Gunça» operasyndan Amanyň ariýasyny we Uzeýra Hajybekowyň «Arşin mal alan» operasyndan ariýany ýerine ýetirdi.

Arakesmede ýurdumyzyň ilkinji skripkaçysy Bahram Dolyýew Stella Faramazowa bilen bilelikde Lowlandyň «Jadyly bag» we Massneniň «Oýlanma» eserleri ýerine ýetirmek bilen tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdiler.

Begenç Moşşyýew konserti Weli Muhatowyň «Baýram aýdymy» atly eseri bilen tamamlady.

Konsert ýokary derejede geçirildi we tomaşaçylara lezzet berdi.