Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly çäre geçirildi. Onda “Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň” ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň Halkara sanawyna girizilmegi bilen bagly degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
Dabaraly çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan edebi-sazly çykyşyna tomaşa etmekden başlandy
Soňra dabaranyň esasy pursaty ýetip gelende, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko “Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň” ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň Halkara sanawyna girizilmegi bilen bagly degişli şahadatnamalary gowşurdy.
Soňra ajaýyp waka mynasybetli çykyşlarda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirilipdi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän “Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny” bu guramanyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň Halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.
Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň tutuş dünýä ähmiýetlidiginiň, şol birwagtyň özünde-de Türkmenistan Watanymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara giňişliginde giňden ykrar edilýändiginiň we Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşandygyny, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň dünýä edebiýaty üçin ähmiýetlidigini görkezýär diýlip, çykyşlarda bellenildi.