Ï Paýtagtymyzda saglygy goraýyş işgärlerine bagyşlanan suratkeşleriň sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda saglygy goraýyş işgärlerine bagyşlanan suratkeşleriň sergisi açyldy

view-icon 3786
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş işgärlerine bagyşlanan suratkeşleriň sergisi açyldy
camera-icon
Hasan Magadow

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda türkmen suratkeşleriniň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan eserleriniň sergisi açyldy.

Durmuşda adamlaryň uly hormat goýýan hünärleri bar. Olaryň biri hem lukmançylyk hünäridir. Olara «ak eşikli adamlar» hem diýilýär. Biz bu ýagdaýa şeýle bir öwrenişipdiris welin, hatda käwagt lukmanyň islendik pursatda bize nädip kömek edýändigini, saglygymyzy her dürli howplardan goraýandygyny hem duýmaýarys. Biz dünýä inenimizde lukmanlaryň gujurly gollaryna düşýäris we şondan bäri hem olaryň kömegi we maslahaty bolmazdan saglyk babatda hiç zat edip bilmeýäris.

Saglygy goraýyş işgärlerini şekillendirýän suratlarda suratkeşler olara öz hoşallyklaryny bildirýärler. Muzeýiň ammarlarynda ak halatly hünärmenleri wasp edýän dürli ýyllaryň suratlary bar. Eserleriň käbiri belli lukmanlara bagyşlanýar.

Olaryň arasynda Toýmämmet Esenmämmedowyň «Akademik Smirnow», Aman Amangeldiýewiň «Lukman Saçly Dursunowa», Nyýazmyrat Dowodowyň «Lukman Gylyç Şahalyýew», Saparmämmet Meredowyň «Lukman Muhammetgeldiýew» ýaly eserler bar.

Ýewgeniýa Abramowanyň, Ýakup Annanurowyň, Iwan Mýagkowyň, Çary Amangeldiýewiň çeken suratlary hünär borçlaryny ýerine ýetirýän pursadynda lukmanyň keşbini görkezýär.

Sergide köp sanly gül bilen bagly eserler bar we bu düşnüklidir: hoşal hassalaryň sowgat edýän gül çemenleri saglyk işgärleriniň hünärlerine ömürboýy hemra bolýar.