Bişkekde GDA agza ýurtlarynyň XVII ýaşlar Delfiýa oýunlary tamamlandy. Şu ýylyň 6–10-njy oktýabry aralygynda Gyrgyzystandan, Russiýadan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Özbegistandan, Gazagystandan we Türkmenistandan gelen oglanlar we gyzlar döredijilik meýdançasynda öz başarnyklaryny we zehinlerini görkezdiler.
Uly göwrümli taslama sungatyň dürli görnüşlerinden bäsdeşlik çykyşlaryny öz içine aldy: aýdym-saz, akademiki aýdym aýtmak, ýekelikde halk aýdymyny ýerine ýetirmek, estrada aýdymy, halk tansy, halk gurallary, üflenip çalynýan saz gurallary, şekillendiriş sungaty we çeperçilik.
Ýurdumyzdan gelen ýaş zehinler ilkinji gezek ýaşlar Delfiýa oýunlaryna gatnaşyp, surat çekmek, fortepiano, skripka çalmak, halk aýdymlaryny aýtmak we milli saz gurallaryny çalmak ýaly ugurlarda ajaýyp netijeleri görkezdiler.
Türkmenistanyň sungat mekdepleriniň wekilleri Selbi Nurýagdyýewa we Wepa Ýazmyradow şekillendiriş sungaty we çeperçilik sungaty boýunça ýaryşlaryň baýraklaryna eýe boldular. Ýaş suratkeşleriň döredijilik eserleri stilistik bitewülik üçin ýörite diplomlar bilen sylaglandy.
Mundan başga-da, Güýçberdi Gulow «Solo halk aýdymy» kategoriýasynda geçirilen wokal bäsleşiginde kümüş medala eýe boldy. M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň wekilleri Seýran Atanyýazow we Erjel Ýagşymyradow «Skripka» we «Fortepiano» nominasiýalarynda gowy çykyş etdiler.
GDA ýurtlarynyň XVII ýaşlar Delfiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy Gyrgyzystanyň T.Satylganowa adyndaky milli filarmoniýasynyň sahnasynda boldy. Oýunlaryň ýeňijileri we gatnaşyjylar altyn, kümüş we bürünç medallar, diplomlar bilen sylaglandy. Geljekki ýaşlar Delfiýa oýunlarynda bar bolan görnüşlerinden başga-da ylym we tehnologiýa pudagyndan täze bäsdeşlik ýaryşlarynyň goşulmagyna garaşylýar.