Ï Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi

view-icon 5380
Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi

Şu gün Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi.

Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüldi.

Iki ýurduň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň arasyndaky ýygjam gatnaşyklary ösdürmekde Türkmen-awstriýa jemgyýetine möhüm orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, onuň döredilmegi Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylda Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şonda Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine giren meşhur halk we estrada aýdymçylary, sazandalardyr tansçylar Wenanyň Ferstel köşgünde uly konsert bilen çykyş edip, ykrar edilen umumy Ýewropa saz paýtagtynda milli medeniýetimizi görkezdiler.

Geçen 15 ýylda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestri hem döredildi. Wena şäheriniň Aşgabatdaky we Awstriýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, dürli tanyşdyrylyş çäreleri, türkmen sungat ussatlarynyň we awstriýaly artistleriň çykyşlary döwletara ynsanperwer gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändiginiň mysalydyr.

Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni syýasaty hem-de diplomatiýasy özboluşly milli mirasymyzy dünýäde wagyz etmek bilen birlikde, halkara döredijilik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, olaryň mazmunyny baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanda Wena ballaryny geçirmek däbini görkezmek bolar. Munuň özi ýurdumyz bilen Ýewropa döwletleriniň arasynda barha giňeýän medeni gatnaşyklaryň, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygynyň nyşanydyr. Şunda ynsanperwer ulgam özara gatnaşyklaryň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýar.

V Wena balyna we «Galkynyş» simfoniki orkestriniň konsertine gatnaşmak üçin Türkmenistana Awstriýadan myhmanlar geldiler, olar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şol maksatnama paýtagtymyzda ýerleşen Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine baryp görmegi özünde jemleýär. Şeýle hem dostlukly ýurduň wekillerine sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri bilen tanyşmak mümkinçiligi döredildi. Awstriýaly myhmanlar binagärlik we bezeg ulgamynyň häzirki zaman ösüşleri milli binagärligiň, bezeg serişdeleriniň däpleri bilen sazlaşykly utgaşýan täze şäheriň gözelligine haýran galýandyklaryny beýan etdiler.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ägirt uly taslamanyň başyny başlaýjy bolup çykyş etdi. Arkadag şäherini döretmegiň esasyna “akylly” şäher konsepsiýasy goýuldy. Ol ýaşaýyş-durmuşyň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we ekologik taýdan arassa “ýaşyl” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şu ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “akylly” şäheriň ikinji nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi.

Agşam «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu döredijilik çäresiniň Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek. Şeýle çäreler ozal Aşgabatda guralýardy.

Aýdym-saz agşamy ýurdumyzyň görnükli aýdymçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, Döwlet horunyň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Arkadag şäheri — bagtyň şäheri” atly aýdym bilen açyldy.

Soňra awstriýaly kompozitor we dirižýor Karl Mihael Sireriň “Polonez” sazy ýaňlandy. Ony «Galkynyş» simfoniki orkestri we birleşen tans toparlary ýerine ýetirdiler. Berk berjaý edilýän düzgüne laýyklykda, Wena balynyň resmi taýdan açylyş dabarasy 25 sany tansçy jübütiň sahna çykmagyndan başlanýar. Oňa gatnaşyjylaryň lybaslary — erkek adamlaryň däbe öwrülen gara-ak reňkli fraklary bala geýilýän köýnekler bilen utgaşyp, waka mahsus bolan aýratyn dabaraly ýagdaýy alamatlandyrýar. Gülleriň ajaýyp çemeni onuň hökmany bölegi bolup durýar.

Agşamyň dowamynda «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdança ýygnanan tomaşaçylar Iogann Ştrausyň, Frans Legaryň, Lýudwig Minkusyň, Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň we beýleki kompozitorlaryň ajaýyp sazlaryndan, görnükli türkmen we awstriýaly aýdymçylaryň çykyşlaryndan lezzet aldylar.

Saz sungaty adamlaryň arasyndaky özara düşünişmek gatnaşyklaryny ýola goýmagyň köptaraply “gurallarynyň” biridir. Häzirki wagtda onuň ähmiýeti artyp, halklaryň ýakynlaşmagyna, ynanyşmak we parahatçylyk medeniýetini kemala getirmäge goşant goşýar. Zehinli aýdymçylar Regine Hangler we Lewent Gündüz aýdym-saz baýramçylygynyň şatlygyny türkmenistanlylar bilen paýlaşmak üçin ýurdumyza geldiler. Bala çagyrylan myhmanlaryň hatarynda tansçylar jübüdi — Awstriýa Respublikasyndan tansçylar Dimitar Stefanin we Irina Grasser hem bar. Olaryň görkezen çykyşlary-da şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Aýdym-saz agşamyna gatnaşyjylaryň arasynda Döwlet tans topary, “Serpaý”, “Galkynyş”, “Laçyn”, “Näzli”, «Aşgabat» döredijilik toparlary, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň we ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň tans toparlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor topary, Birleşen çagalar hory, “Mukam” ýaş skripkaçylar topary, “Ruhubelent çagalar”, «Şowhun», «Şatlyk», «Meňli», «Aýjan», «Gyzyl güljagaz» çagalar tans toparlary we beýlekiler bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi esasynda simfoniki saz, horeografiýa we opera sungaty ýurdumyzda täze mazmuna eýe boldy. Bu bolsa Wena baly ýaly bilelikdäki ajaýyp taslamalaryň amala aşyrylmagyna mümkinçilik berdi. Dostlugyň we döredijiligiň baýramy artistleriň hemmesiniň bilelikde joşgunly ýerine ýetirmeginde “Arkadagly Gahryman Serdarly Watan” atly watançylyk aýdymy bilen tamamlandy.

Aýdym-saz dabarasyna gatnaşyjylar netijeli medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn döredijilik taslamalaryny durmuşa geçirmäge berýän hemişelik goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Nobatdaky Wena baly hem-de «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti artistler we tomaşaçylar üçin ýatdan çykmajak waka öwrülip, medeniýetiň, sungatyň özara gatnaşyk etmegiň täsin serişdesi bolup durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklap, ýurtlarydyr halklary parahatçylyga, gözellige, sazlaşyga, umumy abadançylygyň bähbidine gülläp ösüşe goşant goşmak maksadynda jebisleşdirip, olaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýär.