Ï «Arkadagyň säheri» halkara film festiwalynyň myhmanlary Aşgabat şäherine gelýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadagyň säheri» halkara film festiwalynyň myhmanlary Aşgabat şäherine gelýär

view-icon 6499
«Arkadagyň säheri» halkara film festiwalynyň myhmanlary Aşgabat şäherine gelýär

14-nji we 15-nji oktýabrda täze Arkadag şäherinde ilkinji gezek «Arkadagyň säheri» halkara film festiwaly geçiriler. Bu uly çärä gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlar we tanymal kino işgärleri paýtagtymyza gelip başladylar.

Aşgabat şäherine gelen ilkinjileriň biri, fransuz teatr we kino aktýory Eduar Montut boldy. Kinosöýüjiler ony «Taksi», «Asteriks we Obeliks: «Kleopatranyň» missiýasy» we beýleki filmlerindäki döreden keşpleri bilen tanaýarlar.

Artistiň sözlerine görä, ol Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýär. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän halkara film festiwalyna gatnaşmak onuň üçin uly hormatdyr. Saparynyň dowamynda aktýor ýurdumyzyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşmagy meýilleşdirýär.

Şeýle hem Eduaryň kärdeşleriniň – «Taksi» filminde baş keşbi janlandyran fransuz aktýory Sami Naseriniň we «Ajaýyp asyr», «Saýrak guş», «Gara söýgi» teleseriallaryndaky janlandyran keşpleri bilen tanalýan meşhur türk aktýory Burak Özçiwitiň gelmegine garaşylýar.

«Arkadagyň säheri» halkara film festiwalynyň açylyş dabarasy, adatça, kino we teatr sungat işgärleriniň gyzyl halydan geçmegi bilen başlanar. Kino festiwalynyň maksatnamasy onuň gyzykly boljakdygyny wada berýär. Film forumynda birnäçe filmleriň ilkinji görkezilişi bolar we döredijilik ýygnaklary hem-de çykyşlar guralar. Meýilleşdirilen çäreleriň arasynda TRT-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan taýýarlanan gysga metražly filmleriň gala maksatnamasy bar.

Şeýlelik bilen, 15-nji oktýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda «Köneürgenç» we «Paýtagt Merw: beýik Seljuklaryň yzlary» taryhy filmleriň görkezilişi bolar. Görkeziliş 15:00-da başlanar.

Mundan başga-da film festiwalynyň maksatnamasynda Burak Özçiwitiň baş keşbi ýerine ýetiren «Gurluş: Osman» atly taryhy teleserialyň tanyşdyrylyşy bolar. Bu teleserialyň dürli möwsümleri surata düşürilende ýurdumyzyň wekilleri – garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow, şeýle hem Türkmenistanyň ýaşaýjysy Gözel Röwşenowa dagy hem keşpleri janlandyrdylar.