«Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Ýelena Oreşkinanyň konserti boldy. Ol 1973-nji ýylda ilkinji gezek «Dostluk» atly mekdebiň aýdym-saz toparynyň düzüminde bas gitara bilen sahna çykdy. Şondan bäri 50 ýyl geçdi, şonuň üçin «Güýz baly» konsertini ýubileý konserti diýip atlandyrsak hem bolar.
Wideoşekiller bilen guralan konsert aýdymçynyň ähli ýyllardaky ýerine ýetiren eserlerini özünde jemledi. Konsertiň dowam edýän pursadynda Ýelena Oreşkinanyň doglan günüdiginiň aýdylmagy diňleýjiler üçin garaşylmadyk waka boldy.
Oreşkina diňe dürli ýyllardaky estrada aýdymlaryny ýerine ýetirmän, eýsem, öz döreden aýdymlaryny hem ýerine ýetirdi. Olaryň arasynda «Meniň ýyllarym» aýdymy onuň terjimehalyny beýan etse, «Siren reňkli köýnek» aýdymy söýginiň beýany bolup ýaňlandy we olaryň ikisi hem diňleýjileri biparh goýmady.
Bu liriki aýdym ýerine ýetirilende «Aşgabat» tans toparynyň pedagogy Ýelena Geldibaýewanyň we çagalar toparynyň horeografy Allamyrat Saparowyň ýerine ýetiren bal tansy has-da täsirli boldy.
Ýelena Oreşkina «Garaşsyz Türkmenistan» aýdymyny 1996-njy ýylda «Ýaňlan Diýarym!» bäsleşigi üçin döredipdi. Bu aýdym oňa şol bäsleşikde ýeňiş getirdi. Şeýle hem özüniň döreden aýdymlarynyň hatarynda ak mermerli paýtagtymyza bagyşlanan «Aşgabat» aýdymyny hem ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Olga Lukýanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmen döwlet sirkiniň «Altyn Asyr» tans toparynyň çykyşy konserte has-da bezeg berdi.
Konsert «Doglan günüň gutly bolsun» diýen aýdym bilen tamamlandy.