Ï Awstriýanyň paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awstriýanyň paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy

view-icon 3837
Awstriýanyň paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan gala konsert Wenanyň iň meşhur aýdym-saz zallarynyň biri bolan Ehrbar Saalda geçirildi.

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar orkestri bilen bilelikde Türkmenistanyň görnükli medeniýet işgärleri hem daşary ýurtda çykyş etdiler. Konsertde Nury Halmämmedowyň, Çary Nurymowyň, Hydyr Allanurowyň we beýleki türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Aýdymçylar, türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň goşgularyna ýazylan aýdymlar bilen tomaşaçylary begendirdiler.

Konsertiň iň esasy bölümi halk aýdym-sazlary boldy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Garýagdy Saryýew tarapyndan ýerine ýetirilen bagşynyň aýdymlary daşary ýurtly tomaşaçylary dutaryň we gyjagyň owazy bilen tanyşdyrdy. Çuňňur mana eýe bolan sazlar hiç kimi biperwaý goýmady, bu türkmen halkynyň medeniýetine we milli mirasyna uly gyzyklanma döretdi.

Jemleýji kompozisiýa «Gel, Türkmenistana!» atly çakylyk aýdymy boldy. Ony Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew we Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Okdirowa ýerine ýetirdiler.

Wenada geçirilen türkmen sahna ussatlarynyň gala konserti iki medeniýetiň arasyndaky üstünlikli ösýän hyzmatdaşlygyň aýdyň tassyklamasy boldy.

Ýaňy-ýakynda, häzirki zaman Arkadag şäherinde V Wena baly dabaraly geçirildi. Bu ýerde Awstriýanyň tanymal suratkeşleriniň, sazandalarynyň we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň çykyşlary guraldy.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyz beýik filosof we şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemäge işjeň taýýarlanýar. Şu ýylyň uly wakalarynyň biri hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi boldy.

Mundan başga-da, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan etdi.

Halkynyň ählumumy ykrar edilen şahyry Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň hazynasyna ägirt goşant goşdy. Onuň eserleri dürli ýurtlaryň okyjylary we alymlary tarapyndan yzygiderli öwrenilýän tema bolmagynda galýar.