Ï Türkmenistanda Nury Halmämmedowyň 85 ýyllygy baýram ediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Nury Halmämmedowyň 85 ýyllygy baýram ediler

view-icon 4881
Türkmenistanda Nury Halmämmedowyň 85 ýyllygy baýram ediler

27-28-nji oktýabrda Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda tanymal türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan «Mukama siňen ömür» atly festiwal geçiriler.

Baý mazmunly bu festiwalyň maksatnamasy konferensiýalary, sergileri, konsertleri we drama oýunlaryny öz içine alar. Meýilleşdirilen çäreleriň çäginde kompozitoryň şahsyýeti we döredijiligi barada resminamalaýyn film görkeziler.

Nury Halmämmedowyň eserleri özboluşly saz mirasynyň bir bölegi bolmak bilen, diňe bir öz Watanynda däl, eýsem, onuň çäklerinden has uzakda-da ýaňlanmagyny dowam etdirýär. Kompozitoryň toýuna bagyşlanan halkara ylmy we amaly konferensiýa Moskwada-da geçiriler.

Halkymyzyň baý medeniýetini özüne siňdiren Nury Halmämmedow sazlaryny milli dessurlara laýyklykda döredipdir. Onuň eserleri türkmen edebiýatynyň Magtymguly Pyragy, Kemine, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlaryna ýüzlenýär. Onuň sazlarynyň köpüsi «Şükür bagşy», «Aýgytly ädim», «Keç pelek», «Mukamyň syry», «Japbaklar» ýaly türkmen kinosynyň altyn gaznasyna girýän filmleriň bezegidir.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçiriljek «Mukama siňen ömür» atly ylmy-amaly maslahat festiwalyň esasy wakasy bolar. Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçiriljek döredijilik duşuşygynda bolsa Nury Halmämmedowyň türkmen kino sungatyna goşan goşandy ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde kompozitoryň çeper keşbini wasp edýän suratlar görkeziler.

Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedowyň adyny göterýän Döwlet drama teatrynyň sahnasynda ýaşlar döredijilik toparlarynyň uly konserti bolar.

Ahal, Balkan, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň sazçylyk mekdepleri we medeni merkezleri Nury Halmämmedowyň meşhur eserlerini ýerine ýetirýän zehinli okuwçylaryň we mugallymlaryň çykyşlaryny ýola goýarlar.

Festiwal konsert we ýerine ýetiriş çärelerinden başga-da, türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň döreýşi, görnükli kompozitoryň we häzirki zaman sazçylyk bilimini beýan etmäge gönükdirilendir.