Ï Türkmenistan – ABŞ: medeni gatnaşyklar täze derejä çykýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – ABŞ: medeni gatnaşyklar täze derejä çykýar

view-icon 5115
Türkmenistan – ABŞ: medeni gatnaşyklar täze derejä çykýar

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Medeniýet günleri dowam etdi.

Bu möhüm ähmiýetli çäräniň 2-nji gününde irden türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Albukerke şäheriniň häkimi Timoti Keller bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda doganlaşan şäherler bolan Albukerkeniň we Aşgabadyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, dürli ugurlarda, aýratyn hem, medeni ulgamda ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak barada pikir alşyldy. Şunda birek-biregiň tejribesini öwrenmek meselesine aýratyn üns berildi.

Günüň ikinji ýarymynda «Kiwa Auditorium» zalynyň eýwanynda türkmen milli mirasyna we sungatyna bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanylýan gymmatlyklaryň 140-dan gowragy görkezildi.

Serginiň halyçylyk sungaty bölüminde ýüpekden we ýüňden dokalan halylar hem-de haly önümleri ýerleşdirildi. Bu ýere gelenler çeper elli halyçylarymyzyň önümlerine we nepis işlerine haýran galmak bilen syn etdiler hem-de bu ýere gelenleriň aýratyn ünsüni özüne çekdi. Bu bölümde keşdeçilik sungatynyň önümleri bilen birlikde, erkek kişileriň we zenanlaryň milli lybaslary, kürteler we beýlekiler ýerleşdirildi.

Serginiň aýratyn bölümi türkmen halkynyň saz gurallaryna bagyşlandy. Bu ýere gelenler dutar, gyjak, gopuz, gargy tüýdük ýaly saz gurallaryny we beýlekileri uly gyzyklanma bilen synladylar.

Bellenilişi ýaly, saz bilen medeniýet halklaryň arasyndaky köprülerdir. Adamlaryň ruhy kämilligi halkyň taryhyny hem sungatyny bilmekden başlanýar. Asyrlaryň dowamynda saz gurallaryny ýasamagyň sünnälenip gelinmegi netijesinde, türkmen dutary kämilligiň örän uzak ýoluny geçdi. Onuň halkyň buýsanjyna öwrülen şirin owazy we owadan daş görnüşi bar.

Şeýle gözden geçirilişleriň ählisinde bolşy ýaly, Albukerkede guralan sergide hem kümüşden ýasalan milli şaý-seplere hem aýratyn orun berildi. Bu ýere gelenler şaý-sepleriň bezegleri, nagyşlary, olaryň taryhy we ýasalyş tilsimleri bilen içgin gyzyklandylar.

Sergide ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikleriň, hususan-da, Marguşyň, Parfiýanyň we beýlekileriň fotosuratlary görkezildi. Sergä gelenler ak mermerli Aşgabadyň döwrebap täsin we ajaýyp binalarynyň, hususan-da, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen desgalarynyň suratlaryny haýran galmak bilen synladylar. Bu ýerde görkezilen ajaýyp ahalteke bedewleriniň suratlary hem ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Sergide beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan gymmatlyklar aýratyn orun eýeledi.

Çäräniň dowamynda wideoşekilleriň görkezilmegi bu gözden geçirilişiň has täsirli bolmagyny üpjün etdi.

Türkmen milli mirasyna we sungatyna bagyşlanan sergä gelen köpsanly adamlar şeýle çäreleriň yzygiderli guralmagynyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da ösdürmäge, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam etjekdigini bellediler.

Soňra «Kiwa Auditorium» konsert zalynda Albukerkeniň ýaşaýjylary üçin Arkadag «akylly» şäheriniň tanyşdyryş çäresi geçirildi. Dabarada bellenilişi ýaly, bu şäheri gurmak pikiri we konsepsiýasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.

Arkadag şäheri Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýär. Ol gür baglyklar, tokaýlyklar bilen gurşalyp alnypdyr. Munuň özi şäheriň ekologiýasyna we howasyna amatly täsir edýän esasy ýagdaýlaryň biridir.

Esasy wezipe bu çägiň tebigy gözelligini saklap galmakdan hem-de ähli babatda, şol sanda şäher medeniýeti we ekologiýa babatda nusgalyk şäheri gurmakdan ybarat boldy.

Tanyşdyryş dabarasynda bellenilişi ýaly, şäheriň gurluşygy 2019-njy ýylyň aprelinde başlandy. Şol döwürden bäri gurluşykçylar bu ýerde 336 desgany gurdular. Täze şäheriň türkmen gurluşykçylary–telekeçileri tarapyndan gurlandygyny bellemek gerek.

Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň desgalarynyň we binalarynyň açylyş dabarasy şu ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Şäheri mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, birnäçe resminamalara, şol sanda onuň ikinji tapgyryny gurmak, Arkadag şäherinde senagat önümçiligini döretmek hakyndaky resminamalara gol çekildi. Senagat önümçiligi toplumynda saglygy goraýyş we derman senagatynyň, azyk we ýeňil senagatynyň desgalaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň desgalaryny gurmak boýunça işler başlandy. Şolaryň hatarynda, kaşaň ýaşaýyş jaýlary we medeni-durmuş maksatly desgalar hem bar.

Tanyşdyryş dabarasynyň barşynda «akylly» şäher barada gürrüň berýän suratly şekilleriň görkezilmegi çäräniň ähmiýetini we täsirini has-da artdyrdy.

Agşam Türkmenistanyň artistleriniň we sungat ussatlarynyň «Kiwa Auditorium» zalynda bolan konserti Medeniýet günleriniň jemleýji çäresine öwrüldi.

Konsertiň maksatnamasyna laýyklykda, «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa topary, meşhur halk sazandalary hem-de aýdymçylary çykyş etdiler.

Joşgunly ýerine ýetirilen tanslar we aydym-sazlaryň belentden ýaňlanan owazlary, däp-dessurlar bilen baglanyşykly sahnalaryň özboluşlylygy, ýerine ýetirijileriň köp öwüşginli lybaslary ýatdan çykmajak uly medeniýet baýramçylyk ýagdaýyny döretdi.

Ýurdumyzyň meşhur aýdymçylarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren «Türkmen güneşiniň nurundan salam, Arkadag Serdaryň ilinden salam», «Buýsan türkmen, Arkadagly Serdara» atly aýdymlaryny şowhunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar.

Konsertde Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar hem ruhubelentlik bilen ýerine ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Päkim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly aýdym hem tomaşaçylaryň şowhunly elçarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Zehinli aýdymçylarymyzyň iňlis dilinde ýerine ýetiren aýdymlary hem ýatdan çykmajak tsirleri galdyrdy. Halk we häzirki zaman sungatynyň baýlygy, özboluşlylygy hem-de köpöwüşginliligi, täze döwrüň ýörelgeleri bilen sazlaşykda däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy.

Sazandalar, aýdymçylar we tansçylar, döredijilik topary öz çykyşlarynda ussatlyklaryny hem-de zehinini görkezdiler. Konsertiň köpöwüşginliligi sungatyň birleşdiriji we döredijilikli güýjüniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Gadymy türkmen «Küştdepdi» tansynyň ýerine ýetirilmegi konserte özboluşly dostluk ösüşginini çaýdy. Konsertiň ahyrynda ««Arkadagym bilen Arkadagly Serdarym» atly aýdym ýerine ýetirildi. Ol iki ýurduň halklarynyň dostlugynyň joşgunly senasy bolup ýaňlandy.

Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen çykyşlara haýran galan tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary uzak wagtlap dowam etdi. Çärä gatnaşyjylar mähirli dostluk duýgulary hem-de täze duşuşyklara umyt bilen hoşlaşdylar.

ABŞ-da tamamlanan Türkmenistanyň Medeniýet günleri iki ýurduň ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklarynda aýdyň we ähmiýetli waka bolmak bilen, iki dostlukly ýurduň halklaryň ruhy taýdan mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna hem-de olaryň özara düşünişmeginiň we dostlugynyň berkemegine ýardam etdi.