Ï Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi

view-icon 8434
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde akyldar şahyryň geljek ýylda halkara derejesinde belleniljek şanly ýubileýi mynasybetli «Setiri-zer ýalkym, pähimi-umman» ady bilen guralan, giň göwrümli serginiň işine badalga berildi. Serginiň açylyş dabarasyna beýik şahyryň çuň mazmunly goşgularynyň muşdaklary, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri, bilim ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Onuň dowamynda söz äleminiň ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyryň ajaýyp eserleriniň täze röwşe eýe bolmagy, bagtyýar zamanamyzda şahyra goýulýan belent sarpa, şahyryň halkara möçberinde geçiriljek doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada çykyşlar aýratyn gyzyklanma bilen diňlenildi.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň beýik akyldaryň döredijiligine, durmuş ýoluna, şahyryň ýaşan döwrüni şöhlelendirýän milli mirasymyza degişli sergide ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen tanyşmaklary, şygryýet muşdaklaryny nusgawy şahyryň keremli dünýäsine seýle çykardy. Sergide Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgawy şahyrymyza bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» atly çuň manyly goşgusynyň görnükli şekili esasy orun tutýar.

Şu ýylyň dowamynda we öňümizdäki ýylda hem hereket etjek bu sergide akyldar şahyryň nesil daragtynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda saklanylýan golýazmalardaky goşgularynyň we olaryň türkmen elipbiýine geçirilen görnüşleriniň suratlarynyň, beýik akyldaryň döredijiligine bagyşlanan ylmy işleriň we kitaplaryň ýerleşdirilmegi hem bu ýere gelýänlerde aýratyn uly gyzyklanma döredýär.