Ï Gurjak teatrlarynyň Duşenbede geçýän baýramçylyk maksatnamasyny «Baky rowaýatlar» oýny açdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gurjak teatrlarynyň Duşenbede geçýän baýramçylyk maksatnamasyny «Baky rowaýatlar» oýny açdy

view-icon 3382
Gurjak teatrlarynyň Duşenbede geçýän baýramçylyk maksatnamasyny «Baky rowaýatlar» oýny açdy

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň (TDMI) talyplarynyň goýan «Baky rowaýatlar» atly oýny şu günler Duşenbede geçýän «Çodari haýol» gurjak teatrlarynyň VII festiwalynyň baýramçylyk maksatnamasyny açdy.

Festiwala gatnaşýanlar we myhmanlar adaty bolmadyk oýundan uly lezzet aldylar, çünki olar şol ýerde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary esasynda sahnalaşdyrylan erteki kysmy hekaýat bilen tanyşdylar.

«Enä tagzym – mukaddeslige tagzym», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» we «Türkmen alabaýy» kitaplaryndan alnan paýhasly sözler, halk rowaýatlary hem tymsallar daşary ýurtly tomaşaçylara türkmen halkynyň medeniýetini we dessuryny sahnada janlandyryp görkezdi.

Oýnuň adaty dälligi ondaky ähli aktýorlaryň tüm garaňky sahnada işlemegidir. Hereketlere jady täsiri bolsa ultramelewşe şöhleleri arkaly ýagtylýan sahna suratlaryna we rekwizite çalnan ýörite reňk arkaly berilýär.

Sahna giňişliginiň tümlüginden neon çöli çykýar. Ýagtylýan alaňlaryň üsti bilen düýe kerwenleri haýaljak ýöräp barýarlar, ýyldyzlardan doly asmanda bolsa iň batyrgaý arzuwlar ýakyn wagtda amala aşarly görünýär.

Oýnuň režissýory, TDMI-niň aktýor ussatlygy we sahna dilewarlygy bölüminiň mugallymy Ylýas Durdyýewiň aýtmagyna görä, aktýorlardan ünsüňi aňrybaş jemlemek we gözedürtme garaňkylykda-da sahnada bile oýnaýan ýoldaşyňy duýmak ukyby talap edilýär.

Oýun iň ownuk jikme-jikliklerine – gurjagy dogry derejede saklamakdan başlap, üýtgäp durýan bezeglere çenli üns bilen sazlanypdyr. Aktýorlaryň esasy maksady teatr çykyşyny haýran galdyryjy multiplikasion filme öwürmek bilen, öz gahrymanlaryny janlandyrmakdan ybarat.

Zaldaky el çarpyşmalardan çen tutsaň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň goýan oýny ikelläp gollandy.

«Çodari Haýol» gurjak teatrlarynyň festiwaly 29-njy oktýabra çenli dowam eder. Gözden geçirilişiň netijeleri boýunça, oňa gatnaşanlaryň ählisi diplomlar we ýadygärlik sowgatlar alarlar. Halkara festiwala Türkmenistandan başga-da Täjigistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan we Eýrandan teatr toparlary gatnaşýarlar.