Ï «Ömre öwrülen mukam»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ömre öwrülen mukam»

view-icon 4312
«Ömre öwrülen mukam»
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Şu şygar bilen türkmen kompozitory Nury Halmämedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet aýdym-saz festiwaly geçirildi. Festiwal Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda boldy.

Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozitorlary, saz öwrenijileri, talyplary we mugallymlary hem-de paýtagtymyzyň sungat mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Nury Halmämedowyň zehiniň muşdaklary gatnaşdylar.

Festiwal Daňatar Hydyrowyň «Garaşsyz Türkmenistan» aýdymy bilen başlandy. Türkmenistanyň Döwlet hory we konserwatoriýanyň simfoniki orkestri bilen bilelikde aýdymçylaryň dört topary bu eseri dabaraly ýerine ýetirdi. Festiwalyň açylyşynda Nury Halmämmedowyň ýakyn tanyşlary çykyş etdiler.

Meret Annamyradowyň Nury Halmämmedowa bagyşlan «Tokkato» sazy konserwatoriýanyň talyby Erjel Ýagşymyradow tarapyndan fortepianoda ýerine ýetirildi. Olar zalda oturanlar bilen türkmen kompozitory baradaky ýatlamalaryny paýlaşdylar.

Festiwal Jemal Reýimowanyň «Ýaşasyn Türkmenistan!» atly watançylyk aýdymy bilen tamamlandy. Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew we Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Okdürowa Döwlet hory we simfoniki orkestri bilen çykyş etdi.

Festiwal Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Döwlet simfoniki orkestri bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dowam eder.