Ï Arkadag şäherinde Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi

view-icon 4002
Arkadag şäherinde Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi

Türkmenistanda açylan «Mukama siňen ömür» festiwalynyň çäklerinde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň teatry sahnasynda ýaşlar döredijilik toparlarynyň konserti boldy.

 

M.Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hor, solistler we halk saz gurallary orkestri Nury Halmämmedowyň milli kinofilmlere ýazan meşhur eserlerini ýerine ýetirdi. Hatyra konserte Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna döredilen aýdymlar, şeýle hem ozal türkmen estrada ussatlarynyň ýerine ýetiren kompozisiýalary geçmişi küýsedýän äheň berdi.

Türkmen halk saz gurallary orkestriniň çeper ýolbaşçysy we dirižýory Gadam Jumagulyýew:

— Konsertiň myhmanlary üçin Nury Halmämmedowyň meşhur we halanýan eserlerini özümizçe ýerine ýetirmäge synanyşdyk. Simfoniki orkestrden tapawutlylykda orkestrimiz dutar, tüýdük, gyjak we beýleki halk saz gurallary agdyklyk edýän millilige üns berýär – diýdi.

Nusgawy ýerine ýetiriş sungat mekdebiniň wekillerine deňleşýändigine garamazdan, ýaş aýdymçylar aýdymlaryny özboluşly aýtmaga çalyşdylar. D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Wepa Allaşow «Iki agaç», «Türkmen sährasy» aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Bu meşhur aýdymlar Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ady bilen baglanşyklydyr.

Ýaş solist Bekdurdy Çerkezow 1970-nji ýylda döredilen «Keçpelek» filminden kamera orkestriniň sazandarlygynda adybir aýdymy aýdyp, tomaşaçylaryň alkyşyny gazandy. Ýakynda Arkadag şäherinde açylan Sahy Jepbarow adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň wekilleri-de konsertiň myhmanlaryny begendirdiler.

Halkymyzyň baý medeni mirasyny dowam edýän dörediji ýaşlar milli ruhy we aňy beýan hem-de dowam edijilerdir. Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan ýaşlar döredijilik toparlarynyň kaşaň konserti hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.