Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň eserleriniň sergisi açyldy. Nury Halmämmedowyň zehini, häsiýeti we özüne çekijiligi şeýle bir üýtgeşikdi welin, görnükli kompozitory öz eserlerinde şekillendirmegi arzuw etmedik nakgaş az bolsa gerek.
Serginiň esasy görnükli eseri häzirki ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň «Kompozitor Nury Halmämmedow» atly heýkelidir. Ol nakgaşyň diplom işidir. Sergi üçin heýkeli Çeperçilik akademiýasynyň galereýasyndan muzeýe berdiler. Heýkeltaraş eserinde paltosynyň syny şemala galgap duran bolsa-da, adam boýy heýkelde kompozitory çuňňur oýa batan şekilde beýan edipdir.
Serginiň guramaçylary Nury Halmämmedowyň ýüregine ýakyn we ony begendiren zatlaryň suratlarda we heýkellerde beýanyny sepleşdirmegiň hötdesinden gelipdirler. Sergide onuň sazlaryny öwrenen kompozitorlar bolan Aman Agajykowyň we Daňatar Öwezowyň portretleri hem goýlupdyr. Şeýle hem ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň we režissýor Alty Garlyýewiň portretleri hem bar. Kompozitor «Aýgytly ädim» filminiň sazyny döredende olar bilen bile işläpdi.
Şeýle bolsa-da, suratlaryň we heýkelleriň köpüsi beýik kompozitoryň türkmen halkynyň beýleki bir aşa zehinli ogly – şahyr Gurbannazar Ezizow bilen mizemez dostlugyna bagyşlanýar. Ynha, olar Täçmuhammet Mehdiýewiň eserinde güýz aýy bagly ýodada gezelenç edip ýörler. Dogrusy, oňa «Iki zehiniň güýz dueti» diýesiň gelip dur. Belki, şeýle gezelençlerde Nury Halmämmedowyň we Gurbannazar Ezizowyň aýdymlary dörän bolsa gerek.
Kän wagt geçmänkä, olaryň üçünji dosty – aýdymçy Atageldi Garýagdyýew peýda boldy. Sergide onuň hem birnäçe portreti bar. Kä ýerde ol ýaş we dostlary bilen bile şekillendirilen, kä ýerde bolsa ýeke. Sebäbi ol öwezi dolunmajak dostlaryny ir ýitirdi. Zehinli aýdymçy olaryň eserlerini bütin ömrüne aýdyp gelýär, şonuň üçinem eserlerde ol dürli ýaşynda şekillendirilendir.
Berdiguly Amansähedow sergä üýtgeşik bir surat hödürläpdir. Onuň eserinde kompozitoryň roýalynyň düwmeleriniň depesinde sahawatlylyk nyşany şekillendirilipdir. Nury Halmämmedow şeýle bir ajaýyp sazlary döretdi welin, olar, hamala, ýeňil döräne meňzeýär. Mämmet Mämmedowyň «Kompozitor Nury Halmämmedow» atly eserinde onuň komissiýanyň agzalaryna täze ajaýyp eserini tabşyrandaky tolgunmasy beýan edilýär.
Nury Halmämmedowyň nurana keşbi – goçak dideleri, burma saçy, süňklek ýaňaklary heýkeltaraşlaryň bürünçden, agaçdan we gipsden ýasalan köp sanly heýkellerinden bize siňňin garap dur. Beýleki nakgaşlaram kompozitory hyjuw reňkli lybasda şekillendiripdirler.
Ýyllar geçer, muzeý beýik kompozitoryň indiki ýubileýlerini bellände, ýaş türkmen nakgaşlary Nury Halmämmedowyň joşgunly, hyjuwly sazlaryndan ruhlanyp täze eserler dörederler.