«Üstünligiň syry nämede?». Tahyr Ataýewiň orkestriniň ýubileý konserti şu sorag bilen başlandy. Bu sorag halka ýöne ýerden berilmedi. Tahyr Ataýewiň orkestri ilkinji ýubileýini belleýär, özi-de, geçen bäş ýylyň dowamynda berlen her konsertde aýak basara ýer galmaýardy.
Bu soragyň jogabyny ýubileý konsertiniň nusgawydan başlap, rep, rok, pop sazy we beýleki ähli saz ugruny öz içine alýan maksatnamasy berýärdi. Özi-de, konsert üçin iň oňat saz eserleri saýlanýar. Mysal üçin, orkestriň ilkinji skripkaçysy Ogulsona Ýazowanyň ýerine ýetiren Wiwaldi-Rihteriň «Tomus» sazy. Saz, sözüň doly manysynda, skripkanyň kemanynyň astynda lakyrdaýardy, gaýnaýardy, möwç urýardy. Gara çabga bulutlaryny we ýyldyrymy görkezýän ekranyň ýerliginde diňleýjiniň duýgusy hasam güýçlenýärdi.
Ondan soň bolsa Jo Dasseniň «Eger sen bolmadyk bolsadyň...» aýdymy ýaňlandy. Mansur Şaripow ony birwagtlar fransuz şansonçysynyň hut öz aýdyşy ýaly, näziklik bilen jan-dilden we özüneçekiji ýerine ýetirdi.
Waleriý Meladzeniň «Owadan» aýdymy bilen Mansur Şaripow tomaşaçylary gozgalaňa saldy. Tomaşaçylar aýdymyň tanyş sözlerini alyp göterdiler. Bilelikdäki çykyşy üçin Mansur şowhunly el çarpyşmalara mynasyp boldy.
Maýkl Jeksonyň repertuaryndan «Gara we ak» aýdymyny Döwran Şammyýew ýerine ýetirdi. Ol sesi, ýüz keşbi we plastika arkaly meşhur aýdymçynyň keşbini tomaşaçylara ýetirmäge synanyşdy. Halk köpçüligi muňa mynasyp baha berdi.
«Janpena» filminiň sazyny ýerine ýetiren Şerhan Batyrowyň saksofony duýguly, ýitip gitmeýän howsalanyň çür başyny aňladyp, zaryn ýaňlandy.
Tomaşaçylar Mihail Glinkanyň dutarçy Aýmyrat Saparmyradowyň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän «Kamarinskaýasynyň» köpden bäri muşdagy. Bu çykyş eýýäm Tahyr Ataýewiň orkestriniň tanyşlyk kartyna öwrüldi we tomaşaçylar oňa bolan garaýşyny her gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen bildirýärler.
Konsert maksatnamasynyň ähli sanlaryna diňleýjiler kalby bilen seslendiler.
Eýsem, Tahyr Ataýewiň orkestriniň üstünliginiň syry nämede? Onuň tomaşaçylardan özüne pikirdeş tapyp, ýeten derejesinde eglenmän, soňky konsertlerinde tomaşaçylary hökman tolgundyrjak täze aýdym-saz eserlerini saýlap, öňe gidýänliginde bolsa gerek.