Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň halk teatr topary täze sahnalaşdyran eserini ýaş nesle bagyşlady.
Bu gezek sebitdäki orta mekdepleriň, şol sanda oba ýerleriniň okuwçylary hem teatryň režissýory Myrat Gurbanyýazowyň ýazan «Bagtyň bolýan öýi» atly ertekisine tomaşa etdiler.
Höwesjeň artistler sahnalaşdyrylan ertekiniň üsti bilen tomaşaçylara dogduk öýüň ýaş nesliň ahlak taýdan ösmegine, çeper we estetiki gyzyklanmasynyň döremegine goşant goşýan täsirli güýç hökmünde doly bahasyny we ähmiýetini açýar, ol her bir adamyň durmuşynda uly ähmiýete eýedir.
Nakylda: «Meniň öýüm – meniň galam» diýilýär. Dogduk topragyň bir bölejigi bolan dogduk öýüne bolan söýgi we hormat duýgusy, Watana bolan söýgi duýgusy bilen baglanyşyklydyr. Ertekidäki baş gahrymanlar ̶ üç doganyň keşbini O.Gurbanow, G.Gurbanow, B.Kakyşew ýerine ýetirdiler.
Akdepe etrabynyň halk teatry öz taryhyny geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ahyryndan alyp gaýdýar. Bu ýyllaryň dowamynda teatryň topary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan dürli temalardan ýüzlerçe eseri sahnalaşdyrdy. Höwesjeň topar ýerli ýaşaýjylary teatr sungaty bilen işjeň tanyşdyrýar we ilatyň ýaşaýyş we medeni durmuşyna peýdaly täsir edýär.
Teatryň işiniň oňat ýola goýlandygyny birnäçe ýyl mundan ozal halk teatrlarynyň toparlarynyň arasynda ýurdumyz boýunça geçirilen bäsleşikde bu toparyň birinji orny eýeleýändigi hem subut edýär.
Häzirki wagtda teatryň topary on töweregi adamdan ybarat bolup, ussatlygy bilen tomaşaçylara sungat bilen aragatnaşyk şatlygyny paýlaýar, estetikany ösdürmäge kömek edýär, şeýle hem höwesjeň aktýorlaryň özleri medeni gözýetimlerini giňeltmäge we ýerine ýetiriş ukyplaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik alýarlar. Häzirki wagtda halk teatrynyň repertuarynda dürli ýaşdaky tomaşaçylar üçin onlarça sahnalar bar.
Toparyň esasy eserlerini Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary esasynda taýýarlanan sahnalar düzýär. Döredijilik işjeňliginiň gerimini giňeltmek maksady bilen teatr topary etrapda gülki agşamlaryny guraýar we sahna oýunlaryny ýerine ýetirýär.
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda birnäçe halk teatrlary üstünlikli işleýär. Olaryň düzümi diňe bir medeni işgärlerden däl, eýsem, teatr meýdançasynda elini synamak isleýän dürli hünärli adamlardan ybaratdyr.