Ï Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet ýyly geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet ýyly geçirilýär

view-icon 6586
Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet ýyly geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilýän giň gerimli bu döredijilik çäresi türkmenistanlylary hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Hytaý Halk Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň artýan depgini strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga iki dostlukly ýurduň ymtylmagy bilen şertlendirilendir. Munuň özi şu ýylyň ýanwar we maý aýlarynda Türkmenistanyň Baştutanynyň HHR-e bolan saparlarynyň barşynda nobatdaky gezek tassyklanyldy.

Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmäge türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ägirt uly goşant goşdy. Şu babatda 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Bilelikdäki Jarnama aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän bu taryhy çözgüt türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça artýan depginini öňünden kesgitledi. Ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi, olaryň işjeň gatnaşyklary, iri halkara guramalaryň we abraýly sebitleýin düzümleriň, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşdäki düzümiň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlaryň özara goldanylmagy döwletlerimiziň ynanyşmaga esaslanan hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine ýardam edýär.

Taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek boýunça çäreleri bolup, gözbaşy Beýik Ýüpek ýoly döwürlerinden gaýdýan köpasyrlyk dostluk we özara düşünişmek däplerine pugta ygrarlylygyny görkezýändiklerini bellemek gerek. Asyrlaryň jümmüşinden gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklara daýanylmagy gatnaşyklaryň häzirki tapgyrynda-da halklarymyzy jebisleşdirýär. Munuň subutnamalarynyň biri hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň golaýda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparyny görkezmek bolar. Şol saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa medeni çärelere gatnaşyp, hususan-da, Milli sungat we senetçilik muzeýine, Hytaýyň Zenanlar we çagalar milli muzeýine baryp gördi.

Hormatly myhmanyň hem-de Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň başlygy, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Milli komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýueniň gatnaşmagynda türkmen halylaryna, el işlerine bagyşlanan milli serginiň açylyşy boldy. Ol Hytaý paýtagtynyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny türkmen halkynyň sungatynyň ajaýyp öwüşginleri bilen tanyşdyrdy. Çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy bu ýere gelýänlere alaja örmegiň usulyny ussatlyk bilen görkezdi. Munuň özi halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň nesilden-nesle geçirilip, mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Bu gün bolsa Aşgabat dostlukly ýurduň medeniýet we sungat wekillerini gadyrly garşylaýar. Bu waka mynasybetli Türkmenistana gelen wekiliýetiň düzümine ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, saz we akrobatika sungatynyň ussatlary girizildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasynda HHR-iň Türkmenistandaky işler wagtlaýyn ynanylan wekili Go Hunlýan gutlag sözi bilen çykyş etdi. Diplomatyň belleýşi ýaly, iki ýurduň Baştutanlary yzygiderli ýagdaýda strategik ähmiýetli gatnaşyklary saklaýarlar, geljek üçin ugurlary kesgitleýärler. Bu bolsa dürli ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegine ýardam edýär.

Şensi welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk departamentiniň başlygynyň orunbasary Lýu Haýrongyň gutlag çykyşynda parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagynda, iki halkyň medeniýetiniň, özara düşünişmeginiň baýlaşmagynda, ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmeginde bu döredijilik çäresiniň ähmiýeti nygtaldy. Dabara gatnaşyjylar türkmen we hytaý halklarynyň öňden gelýän ruhy arabaglanyşygyny berkitmäge hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen döredijilik forumyny guramak mümkinçiligi üçin iki dostlukly ýurduň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler.

Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soňra, konsert boldy. Onuň maksatnamasyny tanslar, aýdymlar, Sin operasyndan parça, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşan halklaryň etniki aýratynlyklaryny beýan edýän sazly kompozisiýalar düzdi.

Owadan egin-eşikler, milli sazlar, özboluşly ussatlyk bilen taýýarlyk görlen çykyşlar tomaşaçylara Hytaýyň gadymy we häzirki zaman ruhuny duýmaga, sungatyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän üýtgeşik horeografiýasyna we täsirli güýjüne baha bermäge mümkinçilik berdi. Artistler çykyşlarynda depginli tanslary, maşk usullaryny, çylşyrymly akrobatik hereketleri ussatlarça utgaşdyrmagy başardylar. Gyzykly we özüne çekiji çykyşlary bilen bütin dünýäni maýyl eden hytaýly sungat ussatlary türkmenistanlylara ýatdan çykmajak pursatlary bagyş etdiler hem-de tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.

“Saçbagly köşk kenizleriniň tansy” kompozisiýasy beýik Tan nesilşalygy döwrüniň keşbini, güllerden we baglardan lezzet alýan dworýan zenanlarynyň durmuşyny janlandyrýar. He Iliniň ýerine ýetirmegindäki “Ýagty aý dogan pursady” atly aýdym tomaşaçylaryň agzybirlikli el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Onuň çuňňur çeper mazmuny özünde jemleýän owazy gadymy edebiýatçylaryň durmuş we tebigat baradaky pikirlerini beýan edýär. “Ak lentanyň tansy” owadan çykyşlaryň biri bolup, ol tomaşaçylara Tan nesilşalygynyň meşhur köşk sazyny we tansyny görkezdi.

Pekin operasy teatr sungatynyň meşhur görnüşleriniň biri bolup, Hytaýyň milli buýsanjy hasaplanýar. Onda köpöwüşginli lybaslar, grim, ýokary drama ýerine ýetirijiligi, aýdym aýtmak, gepleşikler, pantomimalar, akrobatik çykyşlar we tanslar sazlaşykly utgaşýar. Hytaý sungatynyň bu nusgawy görnüşi 2010-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, häzirki wagta çenli diňe bir hytaý däl, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň çeperçilik we beýan edijilik gymmatyny hem saklap gelýär.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan fotosergi çärä aýratyn öwüşgin berdi. Sergi hytaýly suratçylaryň öz ýurtlarynyň ajaýyp tebigatyna bagyşlanan işlerinden ybaratdyr.

Şeýlelikde, döredijilik forumy Türkmenistanyň jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredip, biziň halklarymyzyň ýakyndygyny, taryhy we ruhy baglanyşyklarynyň berkdigini görkezdi we türkmen-hytaý medeni hyzmatdaşlygyny, köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde täze sahypany açdy.