Ï Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalyna gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalyna gatnaşýar

view-icon 2867
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalyna gatnaşýar

31-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda Azerbaýjanda TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwaly geçirilýär.

Şuşa we Baku şäherlerinde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň – Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary görkeziler. 

Halkara döredijilik meýdançasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry «Söýgi hem hasrat» spektakly bilen ýurdumyza wekilçilik eder. Leýli bilen Mežnunyň päk söýgüsi barada gadymy rowaýat esasynda sahnalaşdyrylan spektakl 4-nji noýabrda sagat 15:00-da Bakuwdaky Azerbaýjan döwlet akademiki rus drama teatrynyň sahnasynda görkeziler.

Şeýle hem teatr festiwalynyň çäklerinde Şuşa şäherinde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň döwlet teatrlarynyň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 9-njy mejlisi geçiriler. Duşuşykda türki halklaryň teatr sungatynyň ösüşini we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

TÜRKSOÝ I Halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasy azerbaýjan halkynyň milli lideri Geýdar Alyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna, Şuşa şäheriniň 2023-nji ýylda «Türk dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine, Azerbaýjanyň professional milli teatrynyň 150 ýyllygyna we TÜRKSOÝ-yň (Türki medeniýetleriň halkara guramasynyň) 30 ýyllygyna gabatlanylýar.