Bakuwda TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalynyň jemi jemlendi. Oňa Azerbaýjanyň döredijilik toparlary we Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden we Türkmenistandan myhmanlar gatnaşdylar.
«Söýgi hem hasrat» spektakly bilen ýurdumyza wekilçilik edýän Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry festiwalyň ýadygärlik diplomy bilen sylaglandy. Mundan başga-da, ýaş aktrisa Gülnabat Abdyllaýewa sahnada keşbi zehinli döredenligi üçin «Iň gowy aktrisa» ugrundan sylaga mynasyp boldy.
Spektakllara TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlaryň teatr sungatynyň görnükli wekillerinden ybarat ýörite eminler topary baha berdi. Eminler toparynyň hatarynda Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa hem bardy.
Döredijilik gözden geçirilişinden başga-da, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň döwlet teatrlarynyň ýolbaşçylar Geňeşiniň 9-njy mejlisi festiwalyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Çäräniň netijesi boýunça türki halklaryň teatr ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmekde täze mümkinçiliklere degişli bilelikdäki jarnama gol çekildi.
TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň döwlet teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 10-njy mejlisiniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäherinde geçiriljekdigini bellemek gerek.
Häzirki wagtda Aşgabat we Arkadag şäherleri 14-nji noýabrdan 16-njy noýabr aralygynda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV Halkara teatr festiwalyny geçirmäge taýýarlanýarlar. Azerbaýjanyň Döwlet sazly drama teatrynyň, Gazagystanyň Drama teatrynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň Sazly drama teatrynyň, Tatarystanyň Döwlet akademiki teatrynyň, Täjigistanyň Döwlet ýaşlar teatrynyň we Özbegistanyň Sazly-drama teatrynyň wekilleriniň döredijilik forumyna gatnaşmagyna garaşylýar.