Ï «Joşgun» çagalar ansambly «Dutaryň owazy» atly VII halkara sungat festiwalynda diploma eýe boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Joşgun» çagalar ansambly «Dutaryň owazy» atly VII halkara sungat festiwalynda diploma eýe boldy

view-icon 4135
«Joşgun» çagalar ansambly «Dutaryň owazy» atly VII halkara sungat festiwalynda diploma eýe boldy

Şu ýyl görnükli türkmen kompozitorynyň 85 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli geçirilen Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly VII halkara sungat festiwalynda akapella çagalar «Joşgun» ansambly iň meşhur sazlaryň we aýdymlaryň gurama sazyny ýerine ýetirdi.

Ýaş zehinler Iogan Bahyň «Fleýta we kirişli saz gurallary orkestri üçin sýuitasyndan» «Skertso» («Degişme») eserini, Nury Halmämmedowyň «Aýgytly ädim» filminden «Aýnanyň hüwdüsini», Kerim Jumagulyýewiň A.Şagulyýewiň sözlerine «Bagtyýar biz, bagtyýar!», R.Deýwisiň çagalar üçin «Akula çagasy» aýdymyny diňleýjileriň dykgatyna hödürlediler.

Milli medeni däp-dessurlarda saz döredeni we uýuşdyrany üçin «Joşgun» atly akapella ansamblynyň ýolbaşçysy Kerim Jumagulyýew bäsleşigiň ýörite diplomy bilen sylaglandy.

Nury Halmämmedow adyndaky Moskwa Halkara sungat festiwalynyň sungat müdiri, kompozitor, pianinoçy, jemgyýetçilik işgäri, Ýewraziýa kompozitorlar bileleşiginiň Türkmen sebit bölüminiň başlygy, Russiýa saz bileleşiginiň kompozitorlar gildiýasynyň agzasy Mamed Guseýnow ansamblyň ýolbaşçysy K.G.Jumagulyýewiň ýokary hünär taýýarlygyny we çagalaryň döredijilik işine işjeň gatnaşýandygyny belläp geçdi.

Ansamblyň ähli agzalaryna täze döredijilik üstünlikleri arzuw eden Mamed Guseýnow toparyň ýolbaşçysyna Türkmenistanda hor sazynyň ösüşine we häzirki zamanyň talaplaryna hem täze tehnologiýalara laýyk gelýän aýdymçylary taýýarlamaga goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen aýdym-saz mekdep-internatynyň müdiri Türkmenistanyň halk artisti, hormatly il ýaşulusy Berdinyýaz Berdinyýazowyň başlangyjy bilen bary-ýogy ýarym ýyl mundan ozal döredilen çagalar döredijilik topary öz mekdeplerinde ilkinji gezek üstünlikli çykyş etdi.

Häzirki wagtda «Joşgun» ýurdumyzda geçirilýän medeni çärelere işjeň gatnaşýar. Hor toparynyň ýolbaşçysy ýaş kompozitor, halkara ýaryşlarynyň laurýaty, Ýewraziýa Kompozitorlar Bileleşiginiň agzasy, «Saz nazaryýeti» bölüminiň mugallymy Kerim Jumagulyýew ähli kompozisiýalar üçin özboluşly uýuşdyrmalary döretmek bilen meşgullanýar.

Toparyň repertuarynda türkmen kompozitorlarynyň aýdymlarynyň, dünýä saz sungatynyň nusgawy eserleriniň we häzirki zaman meşhur çaga aýdymlarynyň akapellalary bar. Ansamblyň agzalary üç dilde aýdym aýdýarlar: türkmen, iňlis we rus.