Şu gün paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan teatr sungatynyň bu uly baýramy Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň wekiliýetlerini özara birleşdirdi. Olar meşhur drama, sazly, ýaşlar teatrlarynyň döredijilik toparlary hem-de sahna sungaty boýunça hünärmenler we teatry öwrenijilerdir.
Ählumumy özgertmeleriň başyny başlaýjy hökmünde döwletimiz alyp barýan syýasy ugrunda giň gerimli hyzmatdaşlygy we halkara abraýyny pugtalandyrmakda özara düşünişmäge ýardam edýän pikirleri, maglumatlary, gymmatlyklary, däp-dessurlary, ynanç-ygtykatlary hem-de medeniýetiň beýleki görnüşlerini alyşmak üçin medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanýar.
Milli medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň özara dialogynyň yklymlaryň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ýakynlaşmagynda aýratyn ähmiýetiniň bardygy bellärliklidir. Medeniýet dürli halklary we milletleri birleşdirýän özboluşly köpri bolup, onuň dili hemmeler üçin elýeterli we düşnüklidir. Döredijilik festiwallary we medeni çäreler, şolaryň içinde teatr we kino festiwallary, dünýäniň dürli ýurtlarynyň Medeniýet günleri, halkara sergi-ýarmarkalary we beýlekiler dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň nyşanyna öwrüldi.
Bu çäreler medeni gatnaşyklary ösdürmek, halklaryň milli gymmatlyklaryny wagyz etmek we baýlaşdyrmak, özara düşünişmegi pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär. Diňe şeýle çäreleriň netijesinde köpasyrlyk medeniýetara dialogynyň iň gowy däpleriniň dowamatlylygyny gazanmak mümkindir.