Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň topary Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyr hakyndaky dokumental filmi surata düşürmek üçin Özbegistanyň gadymy Buhara şäherine döredijilik saparyna taýýarlanýar.
Ozal Magtymguly Pyragynyň ady we döredijilik mirasy bilen baglanyşykly ýerler we adamlar baradaky filmler Russiýada, Azerbaýjanda, Eýranda we Türkiýede surata düşürildi.
Noýabr aýynyň ahyrynda Özbegistana ugrajak topara «Türkmenfilm» birleşiginiň ýaş režissýory, milli türkmen telewideniýesinde görkezilen «Binýat» atly doly metražly filmi bilen tanalýan Annadurdy Taşliýew ýolbaşçylyk eder.
Ýakyn geljekde tomaşaçylara bu režissýoryň täze eseri 14-15-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda geçirilen «Arkadagyň säheri» atly I Halkara film festiwaly barada dokumental film hödürlener.
Orta asyrlarda köp metjitler we medreseler bilen yslam medeniýetiniň merkezine öwrülen Buharada Gündogaryň ençeme akyldary, şonuň bilen bir hatarda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragy hem bilim aldy.
Çeşmelere görä, Magtymguly Pyragynyň ilkinji neşirleriniň biri Buharada 1910-njy ýylda «Hezreti Magtymgulynyň diwany» ady bilen neşir edilipdir.
Şu ýylyň iýun aýynda Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Özbegistanyň Buhara welaýatynda «Magtymgulynyň bütindünýä şöhraty» atly dialog- konferensiýasy geçirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýokary ynsanperwer däp-dessurlara esaslanýan çeper aňlatmanyň ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň diňe bir türki dilli halklaryň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem gymmatly baýlygydygyny bellediler.
Çäräniň çäginde, gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň bilim alan Gögeldaş medresesiniň Buharadaky «Köne şäher» ýadygärlik toplumyna baryp gördüler, şeýle hem şahyryň ýaşan we okan ýerleri bilen tanyşdylar.