Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň doly ölçegli «Daragt» filmi 17–25-nji noýabr aralygynda geçiriljek «Listapad» atly XXIX Minsk halkara film festiwalynyň bäsleşik maksatnamasynyň çäginde görkeziler.
Bu film sada türkmen maşgalasynyň ykbaly barada gürrüň berýär. 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe adamsyny urşa ugradan baş gahryman Näzik ondan bäri ençe ýyl geçenem bolsa, gursagynda onuň gaýdyp geljekdigine bolan ynamy besläp, umyt bilen garaşýar. Onuň öýüniň howlusynda täze çatynjalaryň birwagtlar eken erik agajy gülläp, miwe berýär. Her ýazda göz guwandyrýan bu agaç Näzik üçin ýary barada ebedi ýatlama bolup galýar.
Film geçen ýyllaryň edebini we şaýatlaryň gürrüňlerinden ýazylyp alnyp ýygnalan hakykatdan bolan wakalary öz içine alýar. Halk köpçüligi Sahysalyh Baýramowyň täze filmini diýseň gowy garşy aldy, şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzda onuň ilkinji görkezilişi bolup geçdi.
Halkara film festiwalynda «Daragt» filminiň bäsleşikli görkezilişi 22-nji noýabrda Minskiň «Merkezi» kinoteatrynda bolar.
«Listapad» XXIX Minsk halkara film festiwalyna Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginden başga-da Hindistan, Hytaý, Gazagystan, Russiýa, Türkiýe, Pakistan, Özbegistan we ýene birnäçe ýurduň kinostudiýalary gatnaşar. Eminler topary filmlere bäş ugur boýunça baha berer. Film festiwaly gözden geçirilişiň ýeňiji filmi bilen ýapylar.
Geçen ýyl «Listapad» film festiwalynyň bäsleşiksiz maksatnamasynda türkmen kinematograflarynyň iki işiniň görkezilendigini ýatladýarys. Bular režissýor Arslan Eýeberdiýewiň «Durmuş kyssalary» çeper filmi we «Dutaryň owazy» atly resminamalaýyn filmdi.