Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Leýla Babaýewa «Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde Magtymgulynyň keşbi» atly ylmy monografiýa ýazdy.
Mugallym öz ylmy barlagynda türkmen we daşary ýurtly kompozitorlaryň saz eserleri Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň mirasy bilen baglanyşykly aýdym-saz eserlerini derňeýär. Olaryň arasynda Ýuliý Meýtusyň «Magtymguly» operasy, Aşyr Kulyýewiň «Magtymguly» simfoniki poemasy we Weli Muhatowyň «Magtymgulynyň ýagty ýadygärligine» atly 1-nji simfoniýasy bar.
Mundan başga-da, kitapda kompozitorlaryň dürli görnüşli saz eserleri, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň goşgylaryna döredilen hor üçin eserler, aýdymlar we romanslar, şeýle hem «Magtymguly» filminiň sazy bar.
Ylmy-barlag işiniň soňunda netijeler we şahyryň goşgularyna döredilen saz eserleriniň sanawy, şeýle hem ulanylan edebiýatlaryň goşundysy getirilýär. Monografiýanyň awtorynyň aýtmagyna görä, ol Türkmenistanyň saz medeniýetiniň taryhynda kompozitorlaryň döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň şygryýeti bilen baglanyşykly ilkinji ylmy işdir. Ol diňe bir ýurdumyzdaky sazçylyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin däl, eýsem, şahyryň döredijilik mirasy bilen gyzyklanýanlar üçin hem peýdaly bolar.
«Ylym» neşirýatynda çapdan çykan täze kitap Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynda eýýäm özüne mynasyp orun eýeledi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýine ajaýyp sowgat boldy.