Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy we baş direktory Resul Gylyjow Russiýanyň demirgazyk paýtagtyna «Sankt-Peterburg – 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty» atly döwletara maksatnamasynyň ýapylyşyna çagyryldy.
Şu mynasybetli Sankt-Peterburgyň D.D.Şostakowiç adyndaky akademiki filarmoniýanyň Uly zalynda GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy, Russiýanyň halk artisti, «Arkalaşygyň ýyldyzlary» baýragynyň eýesi Sergeý Skripkanyň ýolbaşçylygynda ady agzalan orkestriň sowet we russiýaly dirižýory, SSSR-iň halk artisti Ýuriý Temirkanowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan konsert boldy.
Agşamda azerbaýjanly Murzata Bilbil, Gyrgyzystanyň wekili Rahat Osmonaliýew we ildeşimiz Resul Gylyjow dirižýorlyk etdiler. Orkestr bilen bilelikde Uly teatryň ýaşlar maksatnamasyna gatnaşyjylar, şeýle hem Arkalaşygyň ýurtlaryna wekilçilik edýän ýaş solistler meşhur operalardan ariýalary ýerine ýetirdiler.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde «2023-nji ýyl ̶ rus diliniň milletara gatnaşyklar dili» hökmünde yglan edilendigini bellemek gerek. Şoňa laýyklykda, GDA ýurtlarynyň şäherlerinde degişli çäreler geçirildi.
Şeýle hem «Sankt-Peterburg – 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty» maksatnamasynyň çäklerinde festiwallar, sergiler, konsertler we beýleki medeni çäreler guraldy, olar medeniýetara gatnaşyklary ösdürmäge we halklaryň arasyndaky düşünişmegi gowulandyrmaga ýardam etdi.
Şu nukdaýnazardan, GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestri GDA agza ýurtlaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň nyşanydyr. Bu orkestr 2007-nji ýylyň noýabr aýynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýanyň II forumyna bagyşlanan konserte gatnaşmak üçin guraldy. Her ýyl olaryň çykyşlarynyň çägi giňeýär – orkestr Azerbaýjanda, Ermenistanda, Belarusda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Özbegistanda we Türkmenistanda çykyş etdi.
Filarmoniýada geçirilen dabaraly agşamda GDA-nyň medeni paýtagtynyň hormatly ady Samarkanda (Özbegistan) berildi.