24-nji noýabrda Minskide «Listapad» halkara kinofestiwalynyň jemi jemlendi. 2023-nji ýylyň ýeňijileriniň arasynda türkmen kinorežissýory Sahysalyh Baýrbamowyň «Daragt» filmi hem bar.
Ol «Serhetsiz kino» atly ýörite baýragyň eýesi boldy. Şeýle hem bu ugurda «Ewolýusiýa» özbek filmi-de bellenildi.
GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimowyň belleýşi ýaly, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine Arkalaşygyň ýurtlarynyň görkezen filmlerinden ýeňijini saýlamak aňsat bolmady. Onsoň birbada iki filme ýörite baýrak bermeli diýlen üýtgeşik karara gelindi.
Leonid Anfimow kinofestiwalyň ýapylyş dabarasynda çykyş edip, «Daragt» filminiň söýgi, wepalylyk, umyt we biziň umumy taryhymyz hakda hekaýatdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, «Listapad» XXIX Minsk halkara film festiwalynda ýörite baýraklara eýe bolan iki filmde, haýsy ýurtda ýaşaýandygyna garamazdan, islendik adam üçin möhüm bolan ahlak gymmatlyklary barada gürrüň edilýär.
Mundan başga-da, kinofestiwalda görkezilen filmler umumy - «Geljegi döretmek» temasyny doly beýan etdiler. Kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň filmine berlen ýörite baýrak Türkmenistanyň Minskidäki diplomatik wekilhanasyna berildi.