Halkara Bitaraplyk gününiň ýetip gelmegi we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdeplerinde 3–5-nji synplarynda okaýan oglanlaryň arasynda geçirilýän «Merdana nesil – 2023» bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi.
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan döredijilik bäsleşigi zehinli çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşine we ruhy hem ahlak terbiýesine gönükdirilendir. Bu ýyl ýaryşyň esasy mazmuny ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygaryna laýyk gelýär.
Bäsleşigiň esasy maksady milli medeniýeti we sungaty wagyz etmek, ýaş nesliň halk aýdym-sazy we döredijiligi baradaky bilimini artdyrmakdyr. Döredijilik bäsleşigine Arkadag şäherindäki orta mekdepleriň oglanlary gatnaşdy. Olar ukyplaryny üç tapgyrda görkezmelidiler.
Birinji tapgyrda bäsleşige gatnaşýanlar Watana bolan söýgüsini çeper sözler bilen beýan etmekde bäsleşdiler. Ikinji tapgyrda-da bäsdeşleriň söz baýlygy göz öňünde tutuldy. Bäsdeşler özleriniň aýdyjylyk we sazandalyk ukyplaryny görkezip, ýurdumyzyň taryhyndan ajaýyp wakalary, bagtyýar çagalygy we dost-doganlygy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Üç tapgyryň netijeleri boýunça emin agzalar tutuş bäsleşigiň dowamynda özüni has döredijilikli görkezen oglanlary saýladylar. Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bize bolsa diňe paýtagt, welaýat we etrap mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Merdana nesil – 2023» bäsleşiginiň ýaş nesilleriň arasynda uly gyzyklanma döredendigini aýtmak galýar.