Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor tans topary Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konsertine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Ýaş artistler ýurdumyzyň beýleki döredijilik toparlary bilen bilelikde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda çykyş ederler.
Folklor toparynyň ýolbaşçysy, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň köpçülikleýin medeni işleri guramak bölüminiň mugallymy Merdan Abaýewiň aýtmagyna görä, «Miras» folklor tans topary konsertde rus we fransuz tanslaryny, şeýle hem milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan gadymy «Küştdepdi» tansyny ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. Baýramçylyk konsertiniň maksatnamasy dürli halklaryň Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine laýyk gelýän özboluşly medeni däplerini, parahatçylykda we dostlukda ýaşamak isleglerini görkezer.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň höwesjeň talyplarynyň gurnamagy esasynda döredilen «Miras» tans topary wagtyň geçmegi bilen Türkmenistanyň meşhur döredijilik toparlarynyň arasynda özüne mynasyp orny eýeledi. Milli medeni mirasy wagyz edýän toparyň ajaýyp çykyşlarynyň arasynda «Guşak çözdürme», «Läleler çemeni», «Läle-reýhanly Nowruzym», «Wasp edeýin, ýar-ýar», «Gyzlar galasy» we başga-da halk tanslaryny bellemek mümkindir.
«Miras» folklor tans topary diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, dürli ýurtlarda geçirilen halkara festiwallara-da işjeň gatnaşmagy bilenem giňden tanalýar. Olary Merkezi Aziýa ýurtlarynda, Türkiýede, Koreýada, Russiýada, Germaniýada we Ýaponiýada tomaşaçylar alkyşladylar. Şu ýylyň sentýabr aýynda «Miras» folklor tans topary Hytaýda geçirilen «Bir guşak, bir ýol – beýik diwar» atly ikinji halkara halk sungaty festiwalyna gatnaşdy.