Ï «Bu erkin kebelekler» – Kerim Ataýewiň ýyllyk işi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Bu erkin kebelekler» – Kerim Ataýewiň ýyllyk işi

view-icon 4516
«Bu erkin kebelekler» – Kerim Ataýewiň ýyllyk işi
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda üýtgeşik waka boldy – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Kerim Ataýew amerikaly dramaturg Leonard Gerşiň pýesasy esasynda ussat aktýorlar bilen «Bu erkin kebelekler» spektaklyny sahnalaşdyrdy. Bu spektakl teatr fakultetiniň drama režissýory hünäri boýunça üçünji ýyl talybynyň hatda diplom işem däl-de, ýyllyk kurs işi.

Haýran galaýmaly! Bu Kerim Ataýewiň instituta girmezden öň 15 ýyl A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda işländigi, zehinliligi üçin derrew täze gelen aktýoryň arasyndan esasy aktýorlaryň hataryna goşulandygy sebäpli mümkin boldy.

Teatrda şeýle synaga razylyk berenlerinde Kerim Ataýewiň ynamy ödejekdigini bilýärdiler. Şeýle-de boldy – «Bu erkin kebelekler» spektakly dessine özüne çekýär. Onuňam ençeme sebäbi bar. Ilki bilen, ýaş režissýora mugallymy Aşyrmuhammet Rahmanowyň teklip eden pýesasynyň özi gyzykly.

«Bu erkin kebelekler» pýesasynyň baş gahrymany – ilkinji gezek iki aýlap ejesiniň hossarlygyndan çykan batyl ýigit. Ol durmuşda ilkinji özbaşdak ädimlerini ädýär, kösenýär, ruhdan düşüp, ejesinden öýüne almagyny soraýar.

Ýöne indi hanym Beýkeriň pikiri üýtgäpdi: batyl oglunyň özbaşdaklygyna gaýduwsyz garşy çykan aýal birdenkä onuň gujurly tarapdaryna öwrüldi. Ol durmuş rehimsiz, ogly entek köp kösener, ýöne oňa derek öz durmuşyna erk etmek hukugyny alar diýip pikir edýär.

Spektaklyň başynda we ahyrynda pantomima görkezilýär: režissýoryň pikirine görä, baş gahrymany goraglaýan perişdeler onuň töwereginde pyrlanyp, ony betbagtlyklardan goraýarlar. Şol bir wagtyň özünde hem çar tarapa uçmaga höwesek kebelekleri ýatladýarlar, ýöne olar Dona sapaklar bilen baglanyşykly bolanlygy sebäpli olar erkin däl. Hakyky erkin kebelek – onuň «Bir günüm – hoş günüm» diýip ýaşaýan goňşusy Dzil, ol durmuşa biparh ýaşaýar.

Emma spektakl başga zat – adamlaryň biri-birine nähili ýardam-goldaw berip biljekdigi barada. Batyl Don ýeňilkelle Dzile maslahat berýär. Dzil hanym Beýkere syryny ynanýar we bagtly bolaryn umydy bilen Donyň ýüregine ýagşy duýgular salýar. Onsoňam «Bu erkin kebelekler» spektakly batyllaryň durmuşynyň aýratynlyklaryny, agyr ykbalyny we bagtly bolmak islegini görkezýär.

Baş keşbi Magtymguly Gurbanow döredipdir, beýleki keşpleri, ýagny Dziliň keşbini Anna Hommadowa, hanym Beýkeriň keşbini Tatýana Öwezmyradowa, Ralf Ostiniň keşbini Gulmuhammet Çaryýew ýerine ýetirýär. Olar bir döredijilik maşgalasy ýaly bolup, spektakly sahnalaşdyrmaga höwes bilen gatnaşdylar.

Özüne çekiji spektakl oýlandyrýar, duýgudaşlyk döredýär.