Şu ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň medeniýet günleriniň» çäginde Moskwanyň Milletler öýünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler. Dabarany «Rus-türkmen medeniýet merkezi» «Hazar mirasy» atly Hazarýaka döwletleriniň halklarynyň dostlugyny berkitmäge ýardam gaznasy we Moskwada geçirilýän Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly sungat festiwalynyň guramaçylyk komiteti bilen bilelikde guraýar.
Türkmen we rus suratkeşleriniň sergisinde şekillendiriş, grafika we heýkeltaraşlyk işleri görkeziler. Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan guralýan Türkmenistandaky we GDA ýurtlaryndaky rus mekdepleri üçin Moskwa neşirýatlarynyň çykaran kitaplarynyň sergisi guralar.
Şol günem «Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde möhüm howpsuzlyk faktordyr» atly halkara maslahat geçiriler. Baýramçylyk çärelerini Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli taýýarlanan baýramçylyk konserti tamamlar. Onda Moskwada geçirilen Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly VII halkara sungat festiwalynyň ýeňijileri çykyş ederler.