Ï «Harsaň» atly sahna oýny jemgyýet bilen şahsyýetiň arasyndaky gapma-garşylyk barada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Harsaň» atly sahna oýny jemgyýet bilen şahsyýetiň arasyndaky gapma-garşylyk barada

view-icon 3846
«Harsaň» atly sahna oýny jemgyýet bilen şahsyýetiň arasyndaky gapma-garşylyk barada
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda türk dramaturgy Tünjer Jüjenoglunyň «Harsaň» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bolup geçdi.

Gahrymanlaryň düşen ýagdaýynyň agyrlygyndan ýüze çykan dartgynlyk tutuş oýnuň dowamynda tomaşaçylary bir pursadam sypdyrmady. Belent daglaryň içinde ýerleşýän bir obada adamlar kyn şertlerde ýaşaýardylar. Olar ýylda üç aý gaty gülüp, tans edip we şatlanyp bilýärdiler, ýylyň galan böleginde bolsa olar harsaň astyna düşmek howpy astynda galýardylar.

Şonuň üçin-de adamlar pyşyrdap gürleýärdiler we duýdansyz hereket etmeýärdiler. Olar psihologik sarsgyndan ýaňa, wagtal-wagtal bokurdagyna sygdygyndan gygyrmak isleýärdiler, ýöne munuň soňunyň nähili boljakdygyny bilensoňlar, özlerine zor salyp saklanýardylar.

Bu üýtgeşik oýnuň režissýory – Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Eziz Işangulyýew. Tomaşaçylara dagyň gar bilen örtülen bölegi, gowaga meňzeş ýaşaýyş jaýlar we islendik pursatda dagdan gaýdyp, astynda galan ähli janly zady ýok etmek howpy abanýan sahna bezegini suratkeş Maksat Amangylyjow ajaýyp suratda taýýarlapdyr.

Dilşat Meläýewa (gelin), Begenç Garlyýew (adamsy), Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýa Annaýewa (gaýyn enesi) we Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgeldi Durdyýew (gaýyn atasy) dagy gahrymanlarynyň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Gyzykly pursat – oýny döredenler tomaşaçylara baş egmek üçin çykanlarynda, şowhunly el çarpyşmalar zaly göterdi, ýöne artistler öňe bir ädim ädip, barmaklaryny dodaklaryna ýetirdiler. Olar tomaşaçylardan goh turuzmazlygy haýyş etdiler, ýogsam hemmäni harsaň basyp biler.

«Harsaň» oýny teatryň repertuarynda ilhalar oýunlaryň birine öwrülse gerek.