Ï Türkmen döwlet gurjak teatrynda Aladdin hakynda täze erteki sahnalaşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet gurjak teatrynda Aladdin hakynda täze erteki sahnalaşdyryldy

view-icon 4379
Türkmen döwlet gurjak teatrynda Aladdin hakynda täze erteki sahnalaşdyryldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary «Aladdin» sahna oýnuny sahnalaşdyrmak bilen çagalara Täze ýyl sowgadyny taýýarlady.

Oýnuň ilkinji görkezilişinde zalda aýak basara ýer bolmady. Oýnuň ilkinji minutlaryndan tomaşaçy şa gyzy Žasmine aşyk bolýan Aladdin atly edermen we ugurtapyjy ýigidiň gyzykly başdan geçirmelerinden doly erteki dünýäsine düşýär. Gowakda Aladdin jadyly çyra tapýar, Žasmin bilen jadyly halyda uçýar, zandyýaman wezir Jafary ýeňýär we başga-da köp ýagşy işler edýär.

Bu edermen ýigidi çagalar ajaýyp multiplikasion we çeper filmleriň üsti bilen örän gowy tanaýarlar. Gyzlaryň ählisiniň şagyzy Žasmin ýaly bolmak isleýişleri ýaly, oglanlaryňam bary edil Aladdin ýaly bolmak isleýärler. Şonuň üçin-de Türkmen döwlet gurjak teatrynyň zalynda janly gahrymanlaryň arasyna düşmekden we zala piliň gelmegi ýa-da Aladdiniň Abu atly maýmyn bilen tomaşaçylaryň üstünden uçup geçmegi ýaly gudratlara şaýat bolmakdan çagalaryň hiç biri ýüz öwürmeýär. Şeýle-de bolsa, ertekidäki gudratlar tomaşaçylara her ädimde gabat gelýär.

Adam keşplerini teatryň aktýorlary, gaplaňy, maýmyny, totyny we aždarhany gurjaklar ýerine ýetirýärler. Aladdiniň başdan geçirmelerine gatnaşmakdan aktýorlaryň özleriniň hem söz bilen beýan edip bolmajak lezzet alýandyklary görünýärdi. Geýim biçüwçisi Ýelizaweta Mihaýlowa we tikinçiler oýnuň gahrymanlaryna hem ýerine ýetirijilere ajaýyp geýim geýdirenlerinde, şuňa meňzeş bir zatlary başdan geçiren bolsa gerek.

Sahna bezegçisi Kerim Nuryýewiň ajaýyp işini görkezýän gözel görnüşler göz öňüňden yzygiderli geçýär. Serdar Öwezowyň we Guwanç Garajaýewiň saýlan sazlary bolup geçýän zatlara has gowy düşünmäge ýardam edýär.

«Aladdin» oýny – Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik üstünligi. Bu ýakymly wakanyň esasy «sebäpkäri» – ýaş režisýor Geldimyrat Almämmedow. Bu eýýäm onuň teatrdaky bäşinji işi.

Aladdiniň keşbini Atajan Baýramdurdyýewiň, Žasminiňkini bolsa Gülälek Mämmetgulyýewanyň ýerine ýetirendigini aýtmak gerek.

Ýene bir zat: uludan kiçä bu gyzykly ertekide bolup bilendikleri üçin oýna gatnaşanlaryň ählisine köp sag bolsun aýdasym gelýär.