Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň teatr toparlarynyň gatnaşmagynda Bişkekde geçen «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalynyň netijeleri jemlendi.
Festiwalda biziň ýurdumyzdan Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň topary «Ak gämi» oýny bilen çykyş etdi. Oýun 10-njy dekabrda Gyrgyzystanyň T.Abdumomunow adyndaky milli akademiki drama teatrynda görkezildi. Çingiz Aýtmatowyň adybir powestiniň türkmen dilinde sahnalaşdyrylyşy birnäçe oňyn seslenme aldy we festiwalyň guramaçylary tarapyndan bellendi.
Baýrak gowşurylyş dabarasynda türkmenistanly döredijilik toparynyň wekillerine diplom hem «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalynyň heýkeljigi gowşuryldy. Mundan başga-da, «Ak gämi» oýnunda baş gahryman oglanjygyň keşbini ezberlik bilen ýerine ýetirendigi üçin aktrisa Ogulşat Jumaýewa ýörite baýraga mynasyp boldy.
Emin agzalarynyň düzümine festiwala gatnaşýan ýurtlardan halk ýazyjylarynyň, teatr tankytçylarynyň, sungat öwreniş ylmynyň doktorlarynyň we teatr işgärleriniň girendigini-de sözümiziň üstüne goşmalydyrys. Bilermenler toparyna ýurdumyzdan Türkmenistanyň halk artisti, režissýor, teatr we kino aktrisasy Gülälek Akmyradowa gatnaşdy.
Bu ýyl «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly görnükli ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli geçirildi.
Gyrgyzystan Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri Altynbek Maksudowyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, «Aýtmatow we teatr» atly halkara festiwalyň maksady Çingiz Aýtmatowyň hatyrasyny ebedileşdirmek, döredijiligini wagyz etmek, onuň ruhy mirasyny geljekki nesillere geçirmek we döwletara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdyr.