Ï Türkmen kinoçylary tomaşaçylar üçin Täze ýyl sowgadyny taýýarlaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kinoçylary tomaşaçylar üçin Täze ýyl sowgadyny taýýarlaýarlar

view-icon 4488
Türkmen kinoçylary tomaşaçylar üçin Täze ýyl sowgadyny taýýarlaýarlar

Täze ýyl – uly-kiçiniň gudrata we islegleriniň amala aşmagyna garaşýan iň ajaýyp baýramy. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinoçylary tarapyndan surata düşürilýän täze gysga çeper film ýylyň esasy baýramynyň ruhy bilen gurşalypdyr. Rahymberdi Annagulyýewiň edebi ýazgysy esasynda režissýor Sapardurdy Annaýew tomaşaçylar üçin nesilleriň özara gatnaşygy we barça işe kadyr döwrüň buýrugy bilen Aýazbabanyň ýerine ýetirýän islegleri baradaky çuňňur hikmetli ajaýyp Täze ýyl hekaýasyny taýýarlaýar.

Aýazbabanyň keşbini artist Ýeňiş Ýazmyradow ýerine ýetirýär, baş keşplerde Orazgeldi Durdyýew (çopan – Baýram aga) we Perhat Babaýew (agtygy – Parahat) çykyş edýärler. Begenç Garlyýew, Mahym Nuryýewa we Rahymberdi Annagulyýew hem film üçin surata düşýärler. Filmi surata düşürýän topar olaryň täze ýyl sowgady baýram günleri film telewizorda görkezilende, tomaşaçylary begendirer diýip umyt edýär.

Şu täze ýylyň öňýany «Türkmenfilm» kinostudiýasynda Gündogaryň akyldar nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan täze «Magtymguly» çeper filminiň üstünde-de iş dowam edýär. Režissýor Şyhmämmet Mollaýew Gylyçmyrat Kakabaýewiň «Magtymguly Pyragy» pýesasy esasynda doly çeper filmi surata düşürýär. Täze filmiň ylmy geňeşçileri şahyryň durmuşy we döredijiligi boýunça hünärmenlerdir.